Işewür hyzmatdaşlyk-döwrüň ösüş nusgasy
Dünýäniň uzak taryhyna nazar aýlanymyzda döwletleriň ösüşiniň, halklaryň ýaşaýyş durmuşynyň olaryň ykdysady kuwwaty arkaly kesgitlenendigine şaýat bolýarys. Bu üýtgewsiz ölçeg döwürleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, talaplaryny, tizligini, akyl ýetiriş işjeňligini... özüne siňdirmek bilen wagt geçdigiçe gerimini giňeldip otyr. Islegleriň artmagy esasynda, barha kämilleşýän ykdysady gatnaşyklarda indi diňe bir ýurduň içerki önümçiligi ýa-da ösüşi göz öňünde tutulman, eýsem, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýän döwletlerde guralýan sergilere gatnaşmak, eksport etmek arkaly halkara, sebitara we bütindünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bilen umumadamzat bähbidi aralýar. Harytlaryň ýokary hilliligi, köpdürlüligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýüze çykarylyp, ynsan döredijiliginiň, zähmetiniň datly miwesi dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Munuň şeýledigine bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 4-5-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty aýdyň mysaldyr. Türkmen topragynda ilkinji gezek guralan owgan harytlarynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň uly gyzyklanma bildirip barmagy, giňde