Işewürlik hyzmatdaşlygy — tejribe mekdebi

7 Mart 2024
939

Halkara, goňşara gatnaşyklar ösüşleriň geriminiň giňemegine, depgininiň artmagyna şert döredýär. Goňşy Owganystan döwleti bilen bolsa soňky ýyllarda dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty hem bu ajaýyp işleriň özboluşly dowamyna öwrüldi.

Sergi — hünärmenler, işewürler üçin öz başarnygyňy dünýä ýaýmak, ösüşiň täze ýollaryny gözlemek babatda ajaýyp meýdança bolsa, ýaşlar üçin öz saýlap alan ugurlaryndan tejribe toplamagyň mekdebi bolup durýar. Owganystanyň 230-dan gowrak kompaniýasynyň we kärhanasynyň hünärmenleri bu sergide dürli ugurlarda öz mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Owadan halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri sergilenen diwarlyklar, wideogörnüşler, neşir önümleri goňşy ýurduň dürli ugurlardaky ösüşi hakda söhbet açdy. Ýokary hünärli inžener-tehnologlary taýýarlaýan uniwersitetimiziň mugallymy hökmünde sergide gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ugurlaryna degişli diwarlyklarda görkezilen harytlar, olary öndürýän kompaniýalar bilen tanyşmak biz üçin has-da täsirli boldy.

Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar