Geçmişi sarpalap, geljege ynam bilen türki döwletleriň gadyrly gatnaşyklary has-da berkidilýär

11 Mart 2024
749

Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli uzaýan uly giňişlikde mekan tutunan türki halklar medeniýetiňdir diliň, diniňdir däp-dessurlaryň umumylyklaryny paýlaşyp, müňýyllyklardan gözbaş alýan dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň däplerini häzire-bu güne çenli dowam etdirip gelýärler. Türki dünýäde döredilen ilkinji halkara düzüm hasaplanýan Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bolsa şol umumy gymmatlyklaryň mirasdüşeridir. Häzirki döwrüň juda çylşyrymly ýagdaýlary döwletlerdenem, halkara we sebit guramalaryndanam oýlanyşykly çemeleşmeleri, deňeçer çözgütleri talap edýär. Şoňa görä, TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri-de ýygy-ýygydan bir meýdançanyň başynda jemlenmek bilen, türki dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri rowaçlandyrmagyň ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.

2009-njy ýylda «Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi» ady bilen döredilip, 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Stambul sammitinde ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedilen bu düzüme Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň doly hukukly agza, Türkmenistanyň we Wengriýanyň bolsa synçy derejesinde gatnaşýandygyny, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy goldamak, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ählumumy wehimlere garşy bilelikde göreşmek, adam hukuklaryny goramak ýaly ugurlarda iş alyp barýandygyny şu ugurda ýazýan makalalarymyzda her gezek ilkinji nobatda nygtaýarys. Şunda TDG-niň düzümine döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi, daşary işler ministrleriniň Geňeşi, Ýaşulular geňeşi, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasy, Türki akademiýa, Türki medeniýetiň halkara guramasy, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasy, Türki söwda-senagat edarasy ýaly ýöriteleşdirilen geňeşlerdir guramalaryň girýändigini-de bellemek zerur. Şu günler türkmen paýtagtynda nobatdaky mejlisi geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşi bolsa maslahat beriş edarasy bolmak bilen, onuň agzalary türki dünýäniň ýaşuly jemgyýetçilik we syýasy işgärlerinden ybaratdyr.

Aýgül RAHYMOWA.
Beýleki habarlar