Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ulag-logistikanyň ösdürilmegi diňe bir ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynda hem möhüm ugurdyr. Onuň geljekde hem ösdürilmegini nazarda tutup, kämil hünärmenleri taýýarlamak ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň baş maksadydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan habarly hünärmenleri ýetişdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Sebäbi olar ulag ulgamyny has-da ösdürjek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltjek kämil hünärmenlerdir. Şonuň üçin hem bu möhüm ugurlarda hünärmenleriň kämilligi esasy maksadymyzdyr. Häzirki wagtda ýaşlara tehnologiýalar, iň kämil enjamlar öwredilýär. Şunda hünärmenleriň sanly ulgam baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ulgama gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Sanly ulgama düşünýän kämil hünärmenler işleri döwrebap alyp barmaga oňat ýardam edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň kämil howa gämileri bilen üpjün edilmegini, döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagyny aýratyn bellemek bolar. Hawa, kommunikasiýa giň mana eýedir. Kommunikasiýa giň manysynda ulag, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň geçirilmegini, aragatnaşygy: telefon, teleradio alyp eşitdirişleri, häzirki ösen täze tehnologiýalar zamanasynda interneti, sanly ulgamy we beýlekileri öz içine alýar. Şeýlelikde, ol ulag infrastrukturasyny, aragatnaşygyň iň täze serişdelerini hem özünde jemleýär. Ýurdumyzyň awtoulag we demir ýollaryny, deňiz, derýa hem-de howa ýollaryny zamanabap kämilleşdirmek, olary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän taslamalar multimodal ulag geçelgelerini döretmäge, şonuň netijesinde Türkmenistany sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge mümkinçilik döredýär.