Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan ýurdumyzda saparda boldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletlerdir. Bu bolsa gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. Munuň özi tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan iki döwletiň ykdysadyýetiniň diňe nebite ýa-da gaza bagly bolman, eýsem, köpugurly esasda ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.