Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň eseri Italiýada tanyşdyryldy

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherinde iş saparynda boldy. «Ka Sagredo» köşgünde geçirilen dabara Weneto sebitiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow giriş sözi bilen çykyş edip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de türkmen diplomaty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegine goldaw beren Weneto sebitiniň gubernatorynyň edarasyna we ähli italiýaly hyzmatdaşlara hoşallyk bildirdi. Ka Foskari institutynyň prorektory, professor Markomini dabaranyň dowamynda eden çykyşynda bu ajaýyp kitabyň italýan dilinde neşir edilmeginiň Italiýanyň giň jemgyýetçiligini türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeniýeti, döwlet dolandyrmak däpleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga, şonuň bilen birlikde, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Dost-doganlyk menzilleri

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasy ugruny ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna möhüm orun berýär. Ata Watanymyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde eden çykyşy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Sammitiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynyň barşynda hem abraýly halkara guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary barada maslahatlaşyldy.

Bilelikdäki işjeňligiň ýokary derejesi

Mundan 38 ýyl ozal döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygyny BMG-den hem dokuz aý öň goldan ilkinji halkara guramadyr. Öz işine 1985-nji ýylda Eýranyň, Pakistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynda girişen gurama Türkmenistan 1992-nji ýylda agza boldy. Şondan bäri hem ýurdumyz dünýäniň geografiki giňişliginiň 8 million inedördül kilometrini, ilatynyň bolsa ýarym milliardyny öz içine alýan guramanyň iň işjeň agzalarynyň birine öwrüldi. YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine başlyklyk eden döwletimiz ýakynda özbek paýtagtynda geçirilen 16-njy sammitde-de agza döwletleriň we tutuş dünýäniň nurana geljegine gönükdirilen başlangyçlary orta atdy. Sammite gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Taryhy duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň adyndan orta atan teklipleriniň teswirine geçmezden öňürti, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň taryhy we syýasy ähmiýetine ünsüňizi çekmek isleýäris. Taryhyň agramly böleginde biri-birine goňşy bolup oturan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlyklara ak ýol arçan bu duşuşyklar «Geografiýa bizi goňşy etdi, taryh — dostlara, ykdysadyýet — hyzmatdaşlara, zerurlyk bolsa pikirdeşlere öwürdi» diýen ýörgünli sözüň asyl manysyny ýene bir ýola Aý dogan ýaly aýan etdi. Döwlet Baştutanlary türkmen

Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi. Dünýä senenamasynda täze halkara senäniň döredilmeginde başlangyçly orny eýelän ýurt hökmünde Türkmenistan bu güne bagyşlanan uly we möhüm çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. 15-17-nji noýabrda Aşgabatda "CASCA +" multimodal ulag geçelegesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň YHG-nyň Daşkent sammitindäki başlangyçlary — ykdysady ösüşiň bähbidine

Mälim bolşy ýaly, 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilen sammite gurama agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm syýasy çärä gatnaşmagy we çuň manyly çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürmegi Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşi gazanmak boýunça çözgütleriň bilelikdäki ugurlaryny işläp taýýarlamak, sebitde abadançylygy has-da ýokarlandyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny nobatdaky gezek subut etdi. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama döredilenden bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. YHG-nyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda döwletleriň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin mö

Halkara giňişlikde

ÝUNESKO bilen gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Dostluk daragty gül açýar

Hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşdy we bu forumda çuň many-mazmunly çykyş etdi. Myhmansöýer özbek topragynda ýokary derejede geçirilen sammitiň gün tertibine söwda, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, oba hojalygy, senagat ýaly dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda möhüm meseleler girizilip, onda wajyp başlangyçlar öňe sürüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň forumyň öňüsyrasynda özbek Lideri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginde möhüm ädimdir. Durmuşda şatlykly hem gaýgyly günleriňe şaýat bolup, toý-märekäňi bile sowuşýan, ýetmedigiňi ýetirýän mährem dostuň we ýakyn goňşyňdyr. Şonuň üçin-de, «Öý alma, goňşy al», «Goňşy — goňşynyň galasy», «Goňşy goňşynyň hem görki, hem örki», «Dost — dostuň aýnasy», «Özüňi süýt bilgin, dostuňy — gaýmak» diýilýär. Bu babatda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dünýä nusgalykdygyny bellemelidir. Bu dostana gatnaşyklar ýyllaryň geçmegi bilen barha berkäp, bu gün döwletara derejede has çuň many-mazmuna eýe bolýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baky Bitarap Watanymyz halkara giňişliginde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, suw diplomatiýasy, ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugurlarda sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy bu tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýän wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna laýyk gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, onuň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Teatr festiwaly – dostluk baýramy

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyñ açylyş dabarasy boldy. Oňa ildeşlerimiz bilen birlikde dünýäniň ýedi ýurdundan 100-den gowrak myhman gatnaşdy. Halkara festiwalynyň geçirilmeginiň esasy maksady halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr.

Günorta Koreýanyň logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr. Kompaniýanyň baş direktory «Rovigos»-yň seljermesi emeli intellekt esasynda organiki taýdan integrirlenen, satuwlary çaklamaga we bahalaryň tendensiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän iň täze çözgütleri üpjün etmekde öňdebaryjydygyna ünsi çekdi.

Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler

Çarşenbe güni Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň 5-nji işewürlik forumyna gatnaşan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, işewürler şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary we telekeçiler tarapyndan öndürilýän dokma önümlerine, olaryň öndürýän we dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edýän, ýokary hilli dürli görnüşli harytlaryna, Türkmenistanda öndürilýän nebit we himiýa önümlerine gyzyklanma bildirdiler. 

“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde kompaniýanyň wekili Iwa Lewinskiý “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Şahsy kiberhowpsuzlyk – bu sanly gurşawda dürli görnüşli kiber hüjümlerinden maglumatlaryň goramaga ýöriteleşen pudakdyr. Ol kiberhüjümleriň netijesinde howp abanyp biljek şahsy, maliýe, şahsyýeti kesgitleýän maglumatlaryň we beýleki esasy elementleriň goraglylygyny üpjün edýär.

Telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalar ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Hytaýyň “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi. Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde bolan duşuşykda bilelikdäki işleriň ugurlaryna, şol sanda elektron söwdany hem-de telekommunikasiýalar pudagyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine garaldy.

Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

9-njy noýabrda Özbegistanyň garaşsyz taryhynda ilkinji gezek geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitiniň şygarynyň sözbaşa çykarylmagyny örän ýerlikli hasapladyk. Sebäbi bu şygar tarp ýerden döremedi. Dünýäniň syýasy «arhitekturasynyň» özgerýän häzirki döwründe umumadamzat abadançylygyna gönükdirilen döredijilikli syýasatyň orny ýiti duýulýar. Bu, elbetde, bir ýa iki döwletiň başlangyjyny däl-de, ählumumy tagallalaryň birleşdirilip, netijeli çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. 8 million inedördül kilometr çäk. Ýarym milliarddan gowrak adam. Dünýäniň giň bazary. Mineral çig mallaryň we tebigy baýlyklaryň ägirt uly goruna eýe bolan ýer. Bulary özünde jemleýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) döwletara düzümleriň içinde iň baý taryha we köp tejribä eýe bolan guramalaryň biri hasaplanýar. Bu düzüm 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan bilelikde ykdysady maksatlary utgaşdyrmak başlangyjy bilen döredildi.

Türkmen-türk gatnaşyklaryndaky täze sahypa

Köklerini Oguz handan alyp gaýdýan bu iki döwletiň dili bir maşgaladan bolup, taryhy, däp-dessurlary, urp-adatlary we edim-gylymlary bir perdede owaz edýär. Mahlasy, türkmen-türk dost-doganlygy asyrlara şaýatdyr. Asyrlaryň altyn sahypalaryna dolan şol dost-doganlyk gatnaşyklary bu günki gün has-da ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şol hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň netijesinde hem aýdyň görmek bolýar. Resmi saparyň çäklerinde Ankara şäherinde hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ädimine öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, ýurtlaryň arasynda birnäçe resminamalar baglaşyldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy-da buýsandyryjy wakadyr.

Beýik işleriň ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran taryhy sapar boldy. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu maslahata 140-dan gowrak döwletlerden we iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu forumyň esasy göz öňünde tutan meseleleriniň biri soňky döwrüň ýagdaýlarynyň ykdysady işjeňlige ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak, ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjek meselelerdir. Şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky özara dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde ähmiýeti uly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda maşgalasy hormatly Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, Hytaýyň medeni gymmatlyklary, baý senetçiliginiň köpdürlüligi bilen ýakyndan tanyşdy. Şol çäreleriň dowamynda Hytaýyň «Doň» çagalar etnografik toparynyň ýerine ýe

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan YHG-niň giňişligine Ýewraziýa yklymynda ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde seredýär. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde agzalan sebitde bilelikdäki birnäçe multimodal ulag-kommunikasiýa taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Aslynda, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna ýardam bermek YHG-niň işiniň möhüm ugrudyr. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Aşgabatda bolan sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyndan başlanypdy. Şol gün hem Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýükleri daşamak we demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dörttaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. 1998-nji ýylda Gazagystanda YHG-niň agza döwletleriniň üstaşyr ýük gatnawlary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly bu düzüme girýän ýurtlaryň söwda dolanyşygynda möhüm ugra öwrüldi. Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň mümkinçilikleri

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

7-8-nji noýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy döwletimiziň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar we taslamalar baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze «akylly» şäher düşünjesine esaslanýan Arkadag şäheri barada hem gürrüň berildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahaty geçirildi

8-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde oňa agza ýurtlaryň 5-nji işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Daşkent şäherindäki «Intercontinental» myhmanhanasynda guralan işewürlik maslahatyna Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň welaýatlarynyň we birnäçe assosiasiýalarynyň wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary we orunbasarlary öz ýurtlarynyň mümkinçilikleri, hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda we maýa goýumlar barada çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň başlygy Wilýam Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygynda taraplaryň gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda durlup geçildi. Duşuşykda Wilýam Tompson 2023-nji ýylyň 12 — 14-nji dekabry aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek YHÖG-iň Ýewraziýa hepdeligine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp geçdi we ol çäre boýunça umumy düşünje berdi. Ol umumy esasda hususy telekeçiligi toplumynyň hukuk taýdan üpjünçiligi barada belläp, Merkezi Aziýa döwletleri boýunça söwda-ykdysady, maýa goýumlar, logistika ugurlarynda iş alnyp barylýandygyny aýtdy.