Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasy ugruny ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna möhüm orun berýär. Ata Watanymyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitinde eden çykyşy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Sammitiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynyň barşynda hem abraýly halkara guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary barada maslahatlaşyldy.