Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

13 Noýabr 2023
903

9-njy noýabrda Özbegistanyň garaşsyz taryhynda ilkinji gezek geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitiniň şygarynyň sözbaşa çykarylmagyny örän ýerlikli hasapladyk. Sebäbi bu şygar tarp ýerden döremedi. Dünýäniň syýasy «arhitekturasynyň» özgerýän häzirki döwründe umumadamzat abadançylygyna gönükdirilen döredijilikli syýasatyň orny ýiti duýulýar. Bu, elbetde, bir ýa iki döwletiň başlangyjyny däl-de, ählumumy tagallalaryň birleşdirilip, netijeli çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär.

8 million inedördül kilometr çäk. Ýarym milliarddan gowrak adam. Dünýäniň giň bazary. Mineral çig mallaryň we tebigy baýlyklaryň ägirt uly goruna eýe bolan ýer. Bulary özünde jemleýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) döwletara düzümleriň içinde iň baý taryha we köp tejribä eýe bolan guramalaryň biri hasaplanýar. Bu düzüm 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan bilelikde ykdysady maksatlary utgaşdyrmak başlangyjy bilen döredildi.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar