Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

12 Noýabr 2023
918

Türkmenistan YHG-niň giňişligine Ýewraziýa yklymynda ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde seredýär. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde agzalan sebitde bilelikdäki birnäçe multimodal ulag-kommunikasiýa taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Aslynda, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna ýardam bermek YHG-niň işiniň möhüm ugrudyr. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Aşgabatda bolan sammiti Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyndan başlanypdy. Şol gün hem Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýükleri daşamak we demir ýol gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dörttaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilipdi. 1998-nji ýylda Gazagystanda YHG-niň agza döwletleriniň üstaşyr ýük gatnawlary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly bu düzüme girýän ýurtlaryň söwda dolanyşygynda möhüm ugra öwrüldi.

Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň mümkinçilikleri

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar