Türkmen-türk gatnaşyklaryndaky täze sahypa

12 Noýabr 2023
1540

Köklerini Oguz handan alyp gaýdýan bu iki döwletiň dili bir maşgaladan bolup, taryhy, däp-dessurlary, urp-adatlary we edim-gylymlary bir perdede owaz edýär. Mahlasy, türkmen-türk dost-doganlygy asyrlara şaýatdyr. Asyrlaryň altyn sahypalaryna dolan şol dost-doganlyk gatnaşyklary bu günki gün has-da ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şol hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň netijesinde hem aýdyň görmek bolýar.

Resmi saparyň çäklerinde Ankara şäherinde hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ädimine öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, ýurtlaryň arasynda birnäçe resminamalar baglaşyldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy-da buýsandyryjy wakadyr.

«Güneş».
Beýleki habarlar