Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Diýarymyz — parahatçylygyň, ynanyşmagyň watany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işler özüniň oňyn netijelerini berip, eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar. 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amala aşyrylmagy hem munuň şeýledigine aýdyň mysaldyr. Her ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ençeme durmuş-medeni desgalaryň bina edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kärhanalaryň öndürijilikli zähmet çekmäge gönükdirilýän işiniň döwrebap ýola goýulmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldawlaryň berilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrundaky işleriň miweleridir. Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda abadançylygy, parahatçylygy berkitmek ugrunda beýik işleri ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagyny maksat edinýän başlangyçlary amala aşyrmakda hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýar.

Ata Watanymyzyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şonda dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlige garamazdan, döwletimiziň geçen ýylda we häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň durnukly bolmagynda galýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip: «Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. Biz 12 müňe golaý täze iş ornuny döretdik. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi» diýip belledi. Şeýle hem geçen aýda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,8 göterim artandygyny nygtamalydyrys. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.

Bedew batly ösüşler — röwşen geljegiň nury

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşleriň milli ýoluny kemala getirip, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Geçen ýyl, ýagny, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara hyzmatdaşlygynda, şeýle hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda bitirilen beýik işler bilen uludan belläp geçdi. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Mähriban halkymyz uly toýlara beslenýän şanly ýylymyzyň ilkinji günlerini hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döreden, halkara durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan iri desgalaryň, ýagny, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga berilmegi bilen garşylady.

Köňüller buýsanja beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi boldy. Resminamada «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Bu resminamada Garaşsyz ýurdumyzyň taryh taýdan gysga möhletiň içinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine es

Şan­ly ýyl şöh­rat ge­tir­ýär

2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy. Bu şy­gar hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek, ar­ka­laş­mak ýaly asylly ýö­rel­ge­le­ri­niň mynasyp dowam etdirilýändigini ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­ýär. Ýur­du­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­syz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň aja­ýyp şy­ga­ry bu mak­sat­la­ryň, asyl­ly iş­le­riň be­lent bin­ýa­dy­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş pel­se­pe­si­niň öze­ni­ni düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ber­kit­mek hal­ky­my­zyň Oguz han Türkmeniň za­ma­nyn­dan bä­ri yg­rar­ly ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýö­rel­ge hä­zir­ki gün­de za­ma­na­bap maz­mun­da Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni hiç bir ba­bat­da üns­den dü­şür­me­ýän yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­dyr. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­li

Bag­la­ra ide­g edil­ýär

Ha­lal iş­läp, ha­lal ba­ýa­mak döw­let­li­lik­den ny­şandyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Çek­seň zäh­met — ýa­gar rähnet» di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem ga­dy­my Le­bap top­ra­gy­nyň ba­ba­daý­han­la­ry­nyň-da hä­zir­ki wagt­da äh­li üns-ala­da­la­ry, ba­şar­nyklary, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti saçak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Gyş gün­le­ri bag­la­ra ideg et­mek olar­dan bol mi­we al­ma­gyň ala­da­sy­dyr. Bag­lar — bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi. Ola­ra öz wag­tyn­da we göw­ne­jaý ideg edil­me­gi hem esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu işe us­sat­lyk bi­len höt­de gel­ýän bag­ban­la­ryň bi­ri hem Ha­laç et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň 3-nji kä­ren­de­çi­ler to­pa­ry­nyň bag­ba­ny An­na­gel­di Gal­ka­now­dyr. Bu kä­ren­de­çi­ler topa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Al­la­be­ren Abdy­we­li­ýew, baş ag­ro­no­my Mer­dan Ça­ry­ýew da­gy bag­ban An­na­gel­di aga­nyň ba­ga ber­ýän ide­gin­den ju­da ho­şal. An­na­gel­di Gal­ka­now hä­zir­ki wagt­da 1,6 gek­tar ýer­de ýer­leş­ýän ba­gy­na ideg ed­ýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Kalby ylham-joşly ýyllar ak geljegiň buşlugynda,Gujagynda dostluk güller parahatlyk joşgunynda,Tarypynda saýrak diller, eneleriň şatlygynda,Milli Lider — dünýä ykrar, nura besleýär jahany,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Egsilmez rysgal eçilýär mukaddes Watan ýerleri,Kalplara ýalkym saçylýar, ak ýolda bagtyň kerweni,Şöhratly menzil geçilýär, Arkadag — Watan Serweri, Ak bagtynda tämiz asman, Aşgabat — merjen şäheri, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Watan – başymyzyň täji

Ata Watan, ene toprak. Bu mukaddes jümleler ynsanyň doglan gününden başlap, onuň kalbynda mizemez orun tutýan tebigy duýgudyr. Çaga doglan gününden başlap, öz mähriban topragynyň howasyndan dem alýar, ösýär, ulalýar, kämilleşýär. Meniň Watanym — Türkmenistan. Bu toprak merdi-merdana gerçekleriň, akyldarlaryň önüp-ösen topragy. Bu toprak — keramatly-keremli. Bu ýerler her bir dänäň müň bolup, gaýdyp gelýän topragy. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden gözelleşýär, özgerýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin, ýaşlaryň sagdyn geljegi üçin edýän aladalary rowaç alsyn! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Eziz Türkmenistan

Saýalydyr baglary,Kerkawlydyr daglary,Beýik Ýüpek ýollary,Eziz Türkmenistanyň. Bedew, haly, nagşy bar,Şahyr, ozan, bagşy bar,Günüň parlak dogşy bar,Eziz Türkmenistanyň.

Şekillerde — Diýaryň keşbi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara, beýik üstünliklere beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp şygary ösüşiň we rowaçlygyň owazy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şanly ýylyň şygaryna bagyşlanyp, “Diýarym — asuda, ýurdum — parahat” atly sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň ussat nakgaşlarynyň hem-de heýkeltaraşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Mähriban Diýarymyzyň tebigy gözelliklerini, tanymal zähmet adamlarynyň keşplerini beýan edýän eserler asuda, parahat Watanymyzyň özboluşly waspyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden, dabaraly bellenip geçiler. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynda naýbaşy toýumyzyň hormatyna gyzyklydan täsirli çäreler geçirilýär. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýaşlara düşündirmek we olaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmak maksady bilen, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşykda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň arşa göterilen şan-şöhraty dogrusynda gürrüň berdiler.

Baky bagtyň gözbaşy

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belentden dabaralandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly toýa sowgatly barmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze-täze üstünlikleri gazanýar. Eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Parahatçylygyň we ruhubelentligiň sazlaşygy

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Halkymyzyň ýakyn-u-alys ýurtlara tarap uzadan dostluk gollary, guran ýollary barada söz açylýan taryhy deliller, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de uzak ýyllaryň dowamyndan bäri hakydalarda ýaşaýar. Olaryň biri-de meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylykly ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, sazyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyksöýüjilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda dana we pelsepewi pikirler näçe diýseň bar.

Täzelikler

Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda geçen ýylky hasyly gaýtadan işlemek bilen birlikde ekiş üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Şu döwre çenli taýýarlanylan gowaça tohumy 13 müň tonna golaý boldy. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Şonça meýdanda ekiş geçirmek üçin tohumlyk gowaça çigidiniň 15 müň tonna golaýyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu möwsümde ekin meýdanlaryna gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2006», «149 F» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekiler. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Bilimli ýaşlar — ak geljege badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Toý şatlygy ýürekleri joşdurýar

2020-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna hormatly Prezidentimiziň baýragy gowşuryldy 17-nji fewralda Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutalag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan bu gün kuwwatly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, aýdyň geljege tarap ynamly barýar. Baky Bitarap döwletimiziň parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir» diýlip bellenilýär. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna Gutlag hatyny iberdi. Onda: «Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýlip nygtalýar.

Ýyllar şöhrata beslenýär

«Ýylyň gelşi äheňinden belli» diýlişi ýaly, Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem ýurduň röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen beýik tutumlary we anyk maksatlary alyp geldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň her biriniň köňül buýsanjyny joşduryp, ýagty ertirleriň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar. Garaşsyzlygyň soňky ýyllarynda geçilen her bir menzil, taryhy ähmiýetli wakalar ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Muny biz durmuşyň her bir ulgamynda öňe sürülýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijesinde hem görýäris.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar.

Gözellikden gözbaşlydyr Aşgabat

Mähriban halkymyz asyrlarboýy döwletliligi, asudalygy, halkymyzyň ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiň gülläp ösmegini, agzybirligi, jebisligi, eşretli durmuşy arzuwlap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün eziz Watanymyzda şol arzuwlar hasyl boldy, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy. Ata-babalarymyz kämil perzent ýetişdirmegi, bag ekmegi, bina galdyrmagy, ýol, köpri gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz bu parasatly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek bilen, mähriban halkymyza eşretli zamanany, çuň manyly eserleri peşgeş edip, ildeşlerimiziň kalbyny ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi we beýleki birnäçe eserleri mähriban halkymyz tarapyndan uly höwes bilen garşylandy. Bu eserleriň aglabasy diňe bir ildeşlerimize gowuşman, eýsem, dünýäniň köp dillerine terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Abadançylygyň röwşen ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly ykrarnama eýe bolan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi häzirki wagtda bütin adamzadyň ünsüni bitewi maksada birleşdirmäge uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda ýokary tizlikli ösýän, dostlugy, parahatçylygy pugtalandyrýan ygtybarly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynda Ýer ýüzünde abadançylygy, ösüşi we ynsanperwerligi, ruhy kämilligi we dostlugy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak işi öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrmak bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär. Dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz özüniň bu hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri onuň ýörelgelerini ygrarlylyk bilen durmuşa geçirýär. Ýurdumyz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşlere, raýdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ösüşiň täze belentliklerini gazanýan hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýandygy, halkymyzyň iň gymmatly ýörelgeleriniň dabaralanýandygy d