Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara, beýik üstünliklere beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp şygary ösüşiň we rowaçlygyň owazy bolup ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şanly ýylyň şygaryna bagyşlanyp, “Diýarym — asuda, ýurdum — parahat” atly sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň ussat nakgaşlarynyň hem-de heýkeltaraşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Mähriban Diýarymyzyň tebigy gözelliklerini, tanymal zähmet adamlarynyň keşplerini beýan edýän eserler asuda, parahat Watanymyzyň özboluşly waspyna öwrüldi.