Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda ösüşleriň milli ýoluny kemala getirip, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Geçen ýyl, ýagny, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda berkarar Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny halkara hyzmatdaşlygynda, şeýle hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda bitirilen beýik işler bilen uludan belläp geçdi. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar.
Mähriban halkymyz uly toýlara beslenýän şanly ýylymyzyň ilkinji günlerini hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döreden, halkara durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan iri desgalaryň, ýagny, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga berilmegi bilen garşylady.