2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu şygar halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, birek-birege hemaýat etmek, arkalaşmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsyzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýär. Üstümizdäki ýylyň ajaýyp şygary bu maksatlaryň, asylly işleriň belent binýadydyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuş pelsepesiniň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han Türkmeniň zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde zamanabap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik taglymatynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýar.