«Ýylyň gelşi äheňinden belli» diýlişi ýaly, Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem ýurduň röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen beýik tutumlary we anyk maksatlary alyp geldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň her biriniň köňül buýsanjyny joşduryp, ýagty ertirleriň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar.
Garaşsyzlygyň soňky ýyllarynda geçilen her bir menzil, taryhy ähmiýetli wakalar ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Muny biz durmuşyň her bir ulgamynda öňe sürülýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijesinde hem görýäris.