Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Belent binalaryň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralary, ösüş ýolumyzda ýetilen sepgitler dünýäde dabaralanýar. Bu şanly sene Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň birnäçe binalary Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Baky bagtyň, gözelligiň şäheri

Pajarlap gül açýar arzuw daragty,Bitaraplyk ýoly ýagtydan-ýagty,Baky bagtyň, gözelligiň paýtagty,Ak mermerli, bedew batly Aşgabat!Ösüşleri şan-şöhratly, Aşgabat! Ýaşyl Tugy arşy-älemi bezän,Taryhy bar, tarypy uzyndan-uzyn,Owazasy älem-jahana uzan, Binalary gatbar-gatly Aşgabat!Ösüşleri şan-şöhratly Aşgabat!

Işjeň ýagdaýda geçen maslahat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli edara-kärhanalardaky ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, ýaş nesliň watansöýüji, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmelere goşant goşmakda halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, işgärleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygy barada gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä hem garalyp, saýlawlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boljakdygy nygtalyp geçildi.

Goşgular çemeni

Watanym Türkmenistan! Beýik geçmişe sarpaly Arkadagly Watanda,Döwrüň owazasy arşda, şan-şöhraty jahanda,Bu ýurda aşyk bolanyň sözi şygyr dahanda,Dünýä içre dessan bu gün, Watanym Türkmenistan!

Ösüşli menziller

Üstümizdäki ýylda döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda agzybir halkymyz bu şanly senäni ýokary ruhubelentlik bilen bellär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu günki bedew batly ösüşi hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlarynyň süýji miwesi bolup, älemi haýrana goýýar. Ata Watanymyz geçen 30 ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda, aýratyn hem, daşary syýasatda uly ösüşlere beslendi, onuň dünýäniň ýüzündäki abraýy has-da belende galdy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demirýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demirýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler, ýangyç-en

Zenan mertebesi belent tutulýar

Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, aspiranturalarda okaýan gyz-gelinlerimize, çagalar baglarynda terbiýenilýän gyzjagazlara, pensiýa hem-de döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan pul sowgadyny gowşurmaklyk hem ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Ynha, milli Liderimiziň gol çeken resminamasy esasynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 1-nji martyndan başlap, welaýatymyzda-da zenanlarymyza Milli bahar baýramy mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary başlandy. Häzirki wagtda etrapdyr şäherlerimizdäki bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmaklyga bagyşlanan dabaralar uly ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Türkmen zenanlary özleri barada şeýle içgin aladalanýandygy we Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak baradaky ilhalar başlangyjy üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap: — Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi;

Ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýurdy

Şanly Garaşsyzlygymyz biziň ählimiziň bagtyýar ýaşaýşymyzyň, döwletliligimiziň esasy şertidir. Ýurdumyzyň 30 ýyl mundan ozal gazanan mukaddes Garaşsyzlygy halkymyzyň milli buýsanjy, asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuwydyr. Bu günki ýetilen sepgitler, gazanylan ösüşler, myrat tapan maksatlar — bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen eşretleridir. Sanlyja ýylyň içinde bina edilen desgalar, çar tarapa uzan dostluk ýollary, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, ösüşiň täze belentlikleri — bularyň ählisi ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ajaýyp miweleridir, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň güwäsidir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, döwletimiz halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşynyň, halal zähmetiň hözirini görmegi üpjün etmegiň ygtybarly ugurlaryny ýörelge edindi. Bu bolsa döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýatlarynyň berkarar edilmegine şert döretdi. Munuň bilen birlikde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy bolsa, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň ornunyň has-da berkemegine şert döretdi. Türkmenistanyň Demirgazyk ― Günorta, Gündogar ― Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegi we ony hil taýdan täze derejä çykarmagy, bir tarapdan, geçmişde dünýä medeniýetiniň we siwilizasiýanyň ösüşinde mynasyp orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine şert döretse, beýleki bir tarapdan, ýurdu

Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Şu günler Garaşsyz Türkmenistan möhüm syýasy ähmiýetli çäräniň bosagasynda dur. Ýagny, tutuş türkmen halky ýene sanlyja günlerden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna garaşýar. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanan bu saýlaw möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen ýerlerde geçirilmeli ähli çäreler kanunçylyga laýyklykda bellenilen tertipde we möhletde talabalaýyk dowam etdirilýär. Geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda ýurdumyzda döredilen iki palataly parlament ulgamynyň, ýagny, Milli Geňeşiň wekilçilikli palatasy bolan Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi biziň welaýatymyz boýunça-da guramaçylykly geçirildi. Kanuna laýyklykda welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary tarapyndan dalaşgärleriň jemi 18-si hödürlenildi we olary bellige almak mart aýynyň 7-sine çenli dowam eder. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda asylly we tutanýerli zähmet çekýän ildeşlerimiz bar. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek erkin we deňhukuklylyk, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda deň mümkinçiliklerde amala aşyryldy.

Kanunlaryň kämilligi — ösüşleriň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen ýörite iş maslahatlaryny geçirip, döwlet durmuşyna dahylly möhüm meselelere seretdi hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyz geçen penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, ozal kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň kanuny binýadyny berkitmegiň, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň aýdyň ugurlaryny görkezdi we oňyn netijeleri gazanmagyň anyk ýollaryny salgy berdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden taryhy çykyşy milli parlamentarileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda has-da tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary öz pikirlerini we ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

Ýylymyzyň şygary — ýolumyzyň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda güneşli Diýarymyzda garşy alynýan her ýyly ýörite şygara beslemek indi ýörgünli däbe öwrüldi. Bu şygarlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler, beýik maksatlar aýdyň şöhlelenýär. Hut şuňa laýyklykda üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biz — medeniýet-sungat işgärlerine toý-baýramlara beslenen ýubileý ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemegimize ruhy goldaw berýär. Mähriban halkymyzyň nurly çyragy bolan milli medeniýetimiz taryhy köklerini örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Hut şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi netijesinde milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen, halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilýär. Taryhy we medeni ýadygärliklerimizi rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda netijeli işler ýola goýulýar.

“Iň eýjejik gyzjagaz - 2021”

Erjeller ýeňiş gazandylar Golaýda orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2021” atly şadyýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Çagalar eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli egin-eşiklerini geýip, şahyrana wasp etmek hem-de milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar öz başarnyklaryny görkezip, 1-nji orna Mary şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülhan Hanowa, 2-nji orna 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Mylaýym Allaberdiýewa, 3-nji orna şäherimizdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Selbi Amanowa hem-de şäheriň 14-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýşat Myratgeldiýewa mynasyp boldular. 1-2-nji orny eýelän eýjejik gyzlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolanlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz 140 ýyllygyny belleýär. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Aşgabat gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezli köşkleri, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalarydyr desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy mümkinçiliklerinde durmuş ulgamy möhüm orun eýeleýär.

Aşgabat

Zeminiň jenneti, gözlermiň nury,Tarypyň äleme dolýar, Aşgabat!Watan dutar bolsa, sen goşa tary,Waspyňy dillerim ýaýýar, Aşgabat! Güllere bürendiň, bürendiň baga,Belent ymaratlaň bäs edýär daga,Ýürekden alkyşym bar Arkadaga,Görküň kalba ylham guýýar, Aşgabat!

Aziýanyň merjeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda bagtyýar ulus-ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp seneleriň ikisini — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer. Şonuň bilen baglanyşykly, häzirki ajaýyp günlerimizde şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ählimizi begendirýär. Aşgabadyň gözel künjeklerinde, şaýollaryň ugrunda ak nura beslenen mermer şäherimiziň 140 ýyllygyny alamatlandyrýan dürli bezeglerdir şygarlaryň ýerleşdirilmegi paýtagtymyzyň nurana görküne özboluşly sazlaşyk goşýar hem-de göreniň ünsüni çekýär. Şeýle bezegler Aşgabadyň 140 ýyllygynyň senesine aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

140 ýaşly merjen Aşgabat

Tas bir ýarym asyr! Ondan bäri taryhyň ýumagy çözlene-çözlene, şu güne ýetipdir. Ynha-da, ak mermere beslenip oturan ak şäher. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sözi bilen aýtsak, «bir demde asmandan inen ýaly owadan, kämil şäher». «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça belleniljek bu sene bizi gözel paýtagtymyzyň geçen ýoluna ser salmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolmak bilen, onuň ýeten häzirki derejesine buýsanç duýgularyny döredýär. Gözel paýtagtymyzyň şuglaly şu güni hakynda gürrüň edeniňde, ilki bilen, Aşgabadyň binagärlik aýratynlyklary göz öňünde janlanýar.

Gözelligiň şäheri

Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarydygyndan habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde gurluşyk senagatyny halkymyzyň milli binagärlik sungatyna laýyklykda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegine, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamyň, täze önümçilikleriň desgalarynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyna badalga berdi.

Arkadag paýhasy dünýä ýol salýar

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalara beslendi. Olardan Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça kuwwatlygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi, şeýle-de, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, dost-doganlyk taglymatynyň ornaşdyrylmagyna, Ýer ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklaryň, ösüşiň kemala gelmegine itergi berýär. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilen ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada, biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, türkmen-owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Milli Liderimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtady.

Watan jandan ileri («Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

Garaşsyzlygyň miweleri! Olaryň her birine bolan buýsanjyň seni bulutlaryň deňine göterýär. Şolaryň ilkinjileriniň biri bolsa gül Watanyňa guwanmakdyr. Watana guwanmak ýaly beýik, mukaddes özge bir duýgy, megerem, ýok bolsa gerek. Onuň dagyna-bagyna, köldür çölüne, sähradyr düzüne bakanyňda bu topragyň howasyndan dem alýandygyňa bolan hoşallygyň seniň kalbyňa dolýar-da, ony guş kibi uçuryp goýberýär. Ondan bolsa bu topragyň her daban ýeridir ähli barlyklary gözüňe şeýle bir yssy görünýär welin, dogduk ülkäňe guwanmakdan ýaňa janyň heýjana gelýär.