Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komiteti tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli edara-kärhanalardaky ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, ýaş nesliň watansöýüji, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmelere goşant goşmakda halk köpçüliginiň işjeňligini has-da artdyrmak, işgärleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygy barada gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä hem garalyp, saýlawlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boljakdygy nygtalyp geçildi.