Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, aspiranturalarda okaýan gyz-gelinlerimize, çagalar baglarynda terbiýenilýän gyzjagazlara, pensiýa hem-de döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan pul sowgadyny gowşurmaklyk hem ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Ynha, milli Liderimiziň gol çeken resminamasy esasynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 1-nji martyndan başlap, welaýatymyzda-da zenanlarymyza Milli bahar baýramy mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary başlandy. Häzirki wagtda etrapdyr şäherlerimizdäki bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmaklyga bagyşlanan dabaralar uly ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Türkmen zenanlary özleri barada şeýle içgin aladalanýandygy we Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak baradaky ilhalar başlangyjy üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.