Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda güneşli Diýarymyzda garşy alynýan her ýyly ýörite şygara beslemek indi ýörgünli däbe öwrüldi. Bu şygarlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler, beýik maksatlar aýdyň şöhlelenýär. Hut şuňa laýyklykda üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biz — medeniýet-sungat işgärlerine toý-baýramlara beslenen ýubileý ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemegimize ruhy goldaw berýär.
Mähriban halkymyzyň nurly çyragy bolan milli medeniýetimiz taryhy köklerini örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Hut şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi netijesinde milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen, halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilýär. Taryhy we medeni ýadygärliklerimizi rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda netijeli işler ýola goýulýar.