Üstümizdäki ýylda döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bütin dowamynda agzybir halkymyz bu şanly senäni ýokary ruhubelentlik bilen bellär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu günki bedew batly ösüşi hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlarynyň süýji miwesi bolup, älemi haýrana goýýar. Ata Watanymyz geçen 30 ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda, aýratyn hem, daşary syýasatda uly ösüşlere beslendi, onuň dünýäniň ýüzündäki abraýy has-da belende galdy.