Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň raýaty bolmak — uly bagt

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportynyň hem-de bu ýerde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde raýatlygy bolmadyk 1 müň 146 adama raýatlyk pasportynyň, daşary ýurtly raýatlaryň 134-sine ýurdumyzda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň gowşurylmagy Diýarymyzda ynsanperwer işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Pasport we ygtyýarnama gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda hem guraldy.

Döwlet sylaglaryňyz we hormatly atlaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, zähmetde gazanan ýokary netijeleri we hünär ussatlygy nazarda tutulyp, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem ençemesi bar. Biz olar bilen gazetimiziň okyjylaryny tanyşdyrýarys. Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakylan

Umumymilli forum türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini aýdyň beýan etdi

24-nji sentýabrda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň halk häkimiýetlilik we demokratik ýörelgeleriniň gadymdan gelýän milli däplerine eýermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol meseleler türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny, ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk — rowaçlygyň we gülläp ösüşiň baýramy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden dabaralandyryldy Garaşsyzlyk biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy bolmak bilen, halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.

Sylaglar gowşuryldy

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglary almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama, Watana wepalylygyň, türkmen halkynyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde tagzym etdiler.

Ak guşlar asmanda ganatyn ýaýsyn!

Goşgy — ol ynsanyň ýüreginiň yşky, aýdymy. Şonuň üçinem islendik goşgyny okap otyrkaň, ilki bilen, ýazaryň ýüreginiň sesi bilen bir wagtda yşkyny duýýarsyň. Ol yşk ýüregiň emri bolsa-da, onda esasy orun ylahylyga degişli bolýar. Çünki diňe Hakdan halatyň bar ýerinde çyn goşgular — ýürege ýol salýan goşgular döreýär. Şygryýetiň dünýäsinde ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döredýän şygyrlarynda-da biz şeýle ylahylygy görýäris. Ol ylahylygyň — Hakdan halatlylygyň emrinden dörän goşgular Milli Liderimiziň döredijiligine aýratyn öwüşgin çaýýar, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi, onda-da, şygryýeti hakda giňişleýin söz açmaga mümkinçilik berýär. Çünki «Jan Watanym, Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary ýatdan bilýändigimiz üçin ol goşgular dünýämizde aýdyma öwrüldi. «Dowam bolsun!» atly goşgy hakynda aýdanyňda bolsa, ondaky «Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl täze sahypasy» diýen setirleri okap, çuňňur oýa batanyňy duýman galýarsyň. Çünki käte-käte pikirlere çümüp, dogrudan-da, durmuşy kitaba, sahypalaryny bolsa geçip duran aý-ýyllara meňzedýärsiň. Munuň özi ýaşap ýören şu durmuşymyz bilen ondaky köp zatlaryň meňzeşlik babatda gabat gelýändigini ýüze çykarýar. Belki-de, şonuň üçindir, biziň şygryýetdäki ylhamymyzy derýalaryň joşgunyna, silleriň badyna deňemämiz, meňzeş görmämiz bar. Şu ýerde şahyryň:

Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!

Geçen hepdäniň penşenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ýene-de dabaralara beslendi. Mydama aýdym-sazlaryň, mukamlaryň ýaňlanýan ýeri bolan bu köşkde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, kompozisiýalar şanly Garaşsyzlygymyzyň waspy bolup ýaňlandy. «Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!» Şeýle goşgy setirlerini ýazyp, tarypyny edýän, bagtymyza deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Bu ýyllaryň içinde ata-babalaryň yhlasyndan dörän Garaşsyzlygymyz edil ýere kök uran daragt ýaly, sagatsaýyn, günsaýyn ösdi. Şonuň üçinem otuz üç ýyldan ybarat bolan taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, bu mukaddesligimiz bilen baglanyşykly ençeme buýsançly wakalaryň şaýady bolýarys. Ýüregimiz joşa gelip:

Garaşsyzlyk we Halk Maslahaty: döwletlilik nusgasy, agzybirlik binýady

Garaşsyzlyk! Halk Maslahaty! Bu düşünjeler özboluşly bir bitewülige öwrüldi. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuwlan erkinligi, özbaşdaklygy. Halk Maslahaty — döwletliligiň, halk bilen häkimiýetiň birliginiň nyşany, hakyky halk demokratiýasynyň nusgasy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylmagy, onuň öňüsyrasynda agzybirlik bilen geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi bu bitewüligi äşgär ýüze çykardy. «TÜRKMENLER BAGLASA BIR ÝERE BILI»

Sylag-serpaýyňyz gutly bolsun!

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde mynasyp goşandy bolan, dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň ençemesi döwlet sylaglarynyň eýeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldy. Biz hem sylag-serpaýa mynasyp bolan ildeşlerimizi gutlaýarys, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris hem-de olaryň hoşallyk sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris. Begençgeldi AGAÝEW,Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň maşyn dekoratiw bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we beý­le­ki ba­bat­lar­da ösüş­le­ri­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re, üs­tün­lik­le­re bes­le­nip gel­ýär.

Döwletli maslahat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     2024-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly se­nä­niň — eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Milli oýunlaryň baýramy

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň  V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy.

Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ýa­dy­gär­li­gi ha­ty­ra­lanyl­dy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     2024-nji ýy­lyň 12-nji aw­gust­ynda Türk­me­nis­ta­nyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ata­sy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyb­la­sy, Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň nus­ga­lyk öm­rü­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­di. Bu a­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di.

Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň de­giş­li Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, «World Smart City Expo» at­ly hal­ka­ra ser­gä gat­naş­mak hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len du­şuş­mak we de­giş­li za­wod­la­ryň iş­le­ri bi­len ýe­rin­de ta­nyş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ag­za­la­ry myh­man­la­ry Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi bö­lü­mi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň «akyl­ly» şä­he­ri 3 sa­ny baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

Çeperçilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi

Welaýat ýörite sungat mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary» atly çeperçilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Bäsleşikde eminler talyplaryň her bir ýumşy öz wagtynda we dürs ýerine ýetirişlerine üns berdiler. Şunlukda, bäsleşigiň heýkeltaraşlyk ugry boýunça Enejan Zakirowa birinji, Bibijan Emirkulyýewa ikinji, Akgül Hudaýnazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Nakgaşlyk ugry boýunça bolsa Gaýgysyz Orazowa, Adylhan Şeripowa we Aýna Rejepowa taý tapylmady.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan sun­gat us­sat­la­ry­nyň dabaraly kon­ser­ti bol­dy.

Sow­gat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Türk­me­nis­tan­da giň­den bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nü­niň şa­ny­na tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry­nyň açyl­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. 2024-2025-nji tä­ze okuw ýy­ly hem ýur­du­myz­da we dost­luk­ly döw­let­de mö­hüm bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­nyň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len ba­dal­ga al­dy. Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hat­lon we­la­ýa­ty­nyň Dus­ti et­ra­by­nyň Er­geş Sul­ta­now daý­han bir­le­şi­gin­de gur­lan 540 orun­lyk Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep ulan­ma­ga be­ril­ýän des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­di. Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na san­ly ul­gam ar­ka­ly iki döw­le­tiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emo­ma­li Rah­mon gat­naş­dy­lar.

Bagta rowan ýollar bilen

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny uly döwlet syýasatynyň düýp özeni hasaplaýar. Bu ugurdan alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden gözbaş alýar. Bu babatda alnyp barylýan köptaraply işleriň arasynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk aýratyn orunda durýar. Onuň çäginde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda dürli maksatly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegiň ähmiýeti, ulaglar dolandyrylanda üns berilmeli meseleler barada giňden durlup geçildi. Şeýle maslahat biziň bölümimiziň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem guramaçylykly geçirildi. Biz bu çärä etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekillerini, lukmanlary hem çagyrdyk. Olaryň çykyşlarynda soňky döwürde ýurdumyzyň ýollarynda ulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýandygy, şol sebäpli herekete gatnaşýanlaryň ýollarda ünsli bolmalydyklary nygtaldy. Şeýle-de ulaglaryň ýokary tizlikde sürülmeginiň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirýän esasy sebäpleriň biridigi bellenildi.

Garaşsyzlyk bize nämeler berdi?

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Ja­ha­nyň Jen­ne­ti asu­da me­kan,

Watan ojakdan başlanýar

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     Wa­tan top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mäh­ri si­ňen bu üm­mül­mez säh­ra­my­zyň dur­ku­na or­nap­dyr. Ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de şeý­le di­ýil­ýär. Öňem bir ýur­duň adyl hem-de pä­him­li pa­ty­şa­sy bo­lup­dyr. Ol he­mi­şe adam­la­ry sy­na­ýan eke­ni. Bir ge­ze­gem ol il için­de şeý­le jar çek­di­rip, köş­ge oba­nyň iň eder­men ýi­git­le­ri­ni ýyg­nap­dyr. Pa­ty­şa nö­ker bo­lar ýa­ly pä­him­dar, eden­li, ugur­ta­py­jy ýi­git­le­ri saý­lap al­mak­çy­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Il­kin­ji sy­nag­da ba­tyr­ly­gy­ňy gör­kez­me­li, ikin­ji sy­nag­da hem oku­myş­ly­gy­ňy. Üçün­ji sy­na­ga ge­zek ga­lan­da, ola­ryň di­ňe on sa­ny­sy ga­lyp­dyr. Üçün­ji sy­nagyň şert­le­ri hiç ki­me mä­lim bol­man­dyr, ony pa­ty­şa­nyň özi kes­git­le­ýän eke­ni. Ol es­li sa­lym pi­kir­lenip otu­ryp­dyr.