Garaşsyzlyk — rowaçlygyň we gülläp ösüşiň baýramy

30 Sentýabr 2024
468

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden dabaralandyryldy

Garaşsyzlyk biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy bolmak bilen, halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.

«Nesil».
Beýleki habarlar