Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!

30 Sentýabr 2024
441

Geçen hepdäniň penşenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ýene-de dabaralara beslendi. Mydama aýdym-sazlaryň, mukamlaryň ýaňlanýan ýeri bolan bu köşkde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, kompozisiýalar şanly Garaşsyzlygymyzyň waspy bolup ýaňlandy.

«Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!» Şeýle goşgy setirlerini ýazyp, tarypyny edýän, bagtymyza deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Bu ýyllaryň içinde ata-babalaryň yhlasyndan dörän Garaşsyzlygymyz edil ýere kök uran daragt ýaly, sagatsaýyn, günsaýyn ösdi. Şonuň üçinem otuz üç ýyldan ybarat bolan taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, bu mukaddesligimiz bilen baglanyşykly ençeme buýsançly wakalaryň şaýady bolýarys. Ýüregimiz joşa gelip:

Karkara ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar