Hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny uly döwlet syýasatynyň düýp özeni hasaplaýar. Bu ugurdan alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden gözbaş alýar. Bu babatda alnyp barylýan köptaraply işleriň arasynda üstünlikli tamamlanyp barýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk aýratyn orunda durýar. Onuň çäginde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda dürli maksatly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegiň ähmiýeti, ulaglar dolandyrylanda üns berilmeli meseleler barada giňden durlup geçildi.
Şeýle maslahat biziň bölümimiziň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem guramaçylykly geçirildi. Biz bu çärä etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekillerini, lukmanlary hem çagyrdyk. Olaryň çykyşlarynda soňky döwürde ýurdumyzyň ýollarynda ulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýandygy, şol sebäpli herekete gatnaşýanlaryň ýollarda ünsli bolmalydyklary nygtaldy. Şeýle-de ulaglaryň ýokary tizlikde sürülmeginiň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirýän esasy sebäpleriň biridigi bellenildi.