24-nji sentýabrda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň halk häkimiýetlilik we demokratik ýörelgeleriniň gadymdan gelýän milli däplerine eýermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol meseleler türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny, ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.