Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

ÜÇÜNJI MELHEM Altynyňyzy köpelmäge mejbur ediň

HALYL KULYÝEWIŇ TÄZE KITABYNYŇ ÝAZYLYŞ TARYHY...

Halyl Kulyýewiň döredijiligi hakda biri-birinden gowy makalalar ýazyldy. Şahyryň şygryýet dünýäsine ymykly aralaşmagy arzuwlap ýörşüme, şol makalalaryň baryny diýen ýaly okap çykdym. Bir makalanyň ady welin aňymdan aýrylmady. Ol “Halal saňa, Halyl şahyr!” diýlen makala bolmaly. Makalanyň awtoryndan gaýybana ötünç sorap, şol makalanyň adynyň aňymda müdimilik orun alandygyny aýtmak isleýän. Halyl Kulyýewiň öz eserleri bilen “Halal saňa” diýdirip bilendigi bolsa, onuň “Daň agarýar” (1967), “Säher salamy” (1977), “Güneş” (1983) atly kitaplarynyň üsti bilen okyjylara mälimdir. Halyl şahyryň okyjylara ýat bolan eserlerini aýratyn bir kitaba jemlemek höwesimi köpler goldadylar. Halyl Kulyýewiň täze tapylan eserlerini kitaplaryna girizmän saklandygynyň sebäbi welin, diňe çaklamanyň çygryndan çykyp bilmedi. Şahyr, belki, bu eserlerini soňky bir kitabyna niýetländir, belki-de, ol bu eserleri heniz hamrak görendir. Bularyň ikisiniňem bolup bilmegi mümkin, ýöne okyja hödürlenýän käbir eserler “Halyl bu eserlerini “demine” goýandyr. Täzedenem bir gezek ýugrumyny ýetirmäge ýetişen däldir” diýen çaklamany has berdaşly görkezýär. Ýetişip-ýetişmezlik bolsa, bize bagly zat däl. Bize bagly bolmadyk zat bizi-de Halyl Kulyýewiň kitaplaryna girizilmedik eserlerini şahyrdan birugsat okyja hödürlemeklige mejbur edýär. Mahlasy, eserleri okap, käte-käte “Häk, şahyryň özi bolan bolsady” diýmegiňiz mümkin

Pyraga bagyşlanan duşuşyk

4-nji noýabrda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylar maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kristofer Meril we şahyr, terjimeçi, aýdymçy hem kompozitor Hala Laýza Gafori bilen döredijilik duşuşygyny geçirildi. Ýurdumyzda neşir edilýän «Edebiýat we sungat», «Nesil» gazetleriniň, «Dünýä edebiýaty», «Garagum» žurnallarynyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Kristofer Meril öz işleýän ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Asly eýranly Hala Laýza Gafori Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlary hakynda gürrüň bermek bilen, Jelaleddin Rumynyň döredijiligine ünsi çekdi. Onuň goşgularyny iňlis diline terjime edişi hakynda aýratyn durup geçdi we Rumynyň goşgularyny pars dilinde aýdyp berdi. Duşuşykda amerikaly ýazyjy-şahyrlar geljekde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda giňden wagyz etmek hem-de beýik söz ussadymyzyň asyrlar aşyp gelen goşgularyny iňlis dilinde neşir etmek barada alnyp baryljak işler hakynda öz türkmen kärdeşleri bilen pikir alyşdylar.

Uly maksatly ýol

Ol 80 ýaşady hem-de öz döwrüniň ýokary at-derejeleriniňdir sylaglarynyň ählisine diýen ýaly mynasyp boldy: halk ýazyjysy, owalky Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Zähmet Gahrymany, birgiden ordenleriňdir baýraklaryň eýesi. Ýöne olaryň ählisinden-de ýokary mertebe bilen tutulan Berdi Kerbabaýew diýen adyň şuglasy has röwşen bolup görünýär. Dokuz ýaşyna çenli «mekdep» diýen sözi eşidip hem görmedik ýaşajyk Berdini kakasy, daýhan Kerbaba aga uzakdaky obalaryň birine, garyndaşynyňka äkidip, molla okuwa berýär. «Diwarlary heňläp giden, üç sany tagtany birleşdirip edilen lagşan gapyly çygly ýerküme. Ýerkümäniň ortasynda ala-mula donly we ak selleli semiz adam otyr. Ol — molla, mugallym, edil ýaňyja agaçdan döwlüp alnan çybyklar keçäniň üstünde, onuň elýeter ýerinde ýatyr, şol ýerde-de okuw esbaplary bar» diýip, ýazyjy öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Tal çybyklaryň eglip okap oturan oglanyň ýagyrnysyna şuwlap degmesi astynda birmeňzeş sözleri ýat tutdurmak bilen berilýän «bilim» ýoly soňlugy bilen Tejeniň, Kakanyň, Gökdepäniň we Buharanyň medreselerinde geçilýän hakyky okuw bilen ornuny çalşypdy. Şol okuwlar bolsa ýaş Berdä geçmişiň beýik şahyrlarynyň söz dünýäsine tarap ýol açypdy.

«Zeliliniň Watan çykmaz serinden...»

Eýsem, Gurbandurdy Zeliliniň şahyrana dünýäsiniň daýanç nokady nämede, onuň ylham çeşmesi nireden gözbaş alýar?! Muňa biz ikirjiňlenmezden: «Watana bolan söýgüden başlanýar» diýip jogap berip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öňe sürülýän watansöýüjilik, ýurda sarpa, il-halka bolan hormat-söýgi akyldar şahyryň ýegeni Zeliliniň şygyrlarynda hem ör-boýuna galýar. Şahyryň ykbal tartyp, bendilikde bolan ýyllary Watan zaryny çekip ýazan şygyrlary onuň kalp owazy bolup okyjynyň ýüregine gönümel ýol salýar.

Paýhas çeşmesinden

■ Güýçlüden gül ysy geler. ■ Habar okdan tiz gider.

Tymsallar

Haýsy bagyň bilbili şirin saýraýar? Gadymy döwürde bir emeldaryň daş-töweregindäkiler oňa başga bir ülkede, haýsydyr bir bagda guşlaryň örän üýtgeşik saýraýandygyny habar beripdirler. Guşlaryň owazyny diňläp ulalan we hemişe olaryň sesine aşyk bolan emeldar şol bagyň gözlegine çykypdyr. Ol uzak-uzak menziller aşypdyr, telim ýurtlaryň baglaryna aýlanyp, müňläp guşlaryň owazyny diňläpdir. Ýöne olaryň hiç biri-de oňa oňly lezzet bermändir. Bu ýagdaý ony halys kejikdiripdir. Şonda-da ol gözlegini dowam etdiripdir.

Boýuňa döneýin

Sähra degresinde duran gül kamar, Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!

Hemra wäşiniň degişmeleri

SYGYR YNANANOK Hemra ogluna sygry suwa ýakmagy tabşyrypdyr. Ogly sygry gazygyndan boşadyp, ýaba tarap idip ugraýar.

Pikir edip otursaň...

Eýsem, düýş näme?! Bu gyzykly ýagdaý köpleri gyzyklandyrypdyr. Emma uklap ýatan adamyň kellesinde bolup geçýän fiziologiki hadysalary 1952-nji ýyla çenli hiç kim bilmändir. Alymlaryň aglabasy uklap ýatan beýni hereketsiz, rahat we işjeň däl diýip çaklapdyr.

Tymsallar

OWADAN ALMA Alma agajynda bir uly, alýaňak, gözüňi aýryp bolmaýan owadan alma miwesi bitipdir. Ol töweregindäkilere seredipdir: biri çüýrük, beýlekisi bişmedik, üçünjisi bolsa öte bişipdir-de şahasyndan gaçjak bolup dur.

Ýürege jaý jümleler

Edebim el bermez edepsizlik edene, dymmak iň gowy jogap edebi elden gidene. Dostlar kyn günler üçin gerek, kyn günlerem dostuňy tanamak üçin gerek.

Dana Magtymguly — pelsepewi pikirleriň mekdebi

Magtymguly Pyragy — her bir türkmeniň ruhy hemrasy. Akyldar Magtymguly — damarynda türkmen gany akýan her bir ynsanyň gaýybana geňeşdary. Bir söz bilen aýtsak, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň binagäri. Dana şahyryň goşgularynda berilýän öwüt-ündewler, öňe sürülýän ýörelgeler biziň jemgyýetimizde ýazylmadyk kanun hökmünde kabul edilýär. Eýsem, özüňiz göz öňüne getiriň, biziň her birimiz çagamyzy Pyragynyň goşgularynda diýlişi ýaly terbiýelemäge, özümizi şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän ahlaga mynasyp alyp barmaga çalyşmaýarysmy näme?! Magtymguly türkmen halky üçin, ine, şeýle derejä göterilen şahsyýet. Şonuň üçin hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara giňişlikde giňden dabaralandyrylýar. * * *

Arzuwlary hasyl bolan Pyragy

Türkmen halky dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan milletdir. Şöhratly geçmişimizdäki beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şan getirip, milletimiziň dünýä halklarynyň arasyndaky mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler. Berkarar döwletiň arzuwynda ýaşan Magtymguly Pyragy ynsan mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl-paýhasyny, döredijilik kämilligini sarp eden parasatly akyldardyr. Pyragynyň baý döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat bähbitlerini goldaýan, ynsan mertebesini beýgeltmäge gönükdirilen, wagtyň synagyndan geçip, geljegi nazarlaýan pikirleri bilen örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň türkmen halkynyň milli mirasyny, geçmiş taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolşy ýaly, bu eserlerde Magtymgulynyň döredijiligine, ylmy mirasyna hem uly orun berilýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir» diýip bellemek bilen, türkmen halkyna mahsus bolan haýyr-sahawatlylygyň, birek-birege hormat goýmak, sylamak ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň şahyryň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýändigini we şeýle asylly ýörelgeleriň halkymyzyň edep-kadalaryna öwrülendigini belleýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pähim-paýhas ummanyndan damjalar Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Onuň altyna gaplaýmaly setirleri öz döwürdeşleri we soňky nesiller üçin durmuş mekdebine öwrüldi.

Şygryýet bossany

ýa-da döwürden joşgunly raýatlaryň köňül kelamlary Gojaman heňňamyň hakydasyna, taryhyň şöhratly sahypalaryna ýüzlenseň, Hakdan halatly halkymyzyň şahandazlygyndan, suhangöýlüginden habar berýän ençeme hekaýatlara, rowaýatlara, durmuş hakykatlaryna duş gelýärsiň. Umman ýaly çuň pähim-paýhasy bilen dünýäni haýran galdyran Magtymguly Pyragysy, gara gazmasyny eline alyp, bedew atyň üstünde namalar gaýran Göroglusy, şorta sözleri hem-de suhangöýlügi bilen bütin äleme belli Ependisi bolan halk, eýsem, bihal bolarmy?! Türkmen halkynyň çeper söze, şygryýete goýýan gadyry, şahyrlara, göýendelere sylag-sarpasy aýrybaşga.

Mämmetweli Kemine

Bile Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri, Dawa edip, jeň başlady ýel bile. Älemi ýandyrar bilbiliň zary,Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.

Byradar

Häzirki ýaly umumybilim berýän mekdepleriň ýok wagty hem ylymly, bilimli adamlar öýlerinde ýa-da mekdep diýlip gurnalan ýörite jaýlarda okamak islegi bolanlara bilim-sowat öwredipdirler. Sapak berýän mugallyma «ussat» ýa-da «halypa» diýipdirler. Meniň babam hem şeýle mekdepde okan sowatly adamdy. Biziň obamyzda onuň bile okan dosty bardy. Babam bize gelende hemişe: «Meni byradarymyň ýanyna äkidiň!» ýa-da «Meniň byradarymy çagyryň!» diýip, gadyrdan dosty bilen duşuşardy. Biz olaryň bir ussatdan tälim alandygyny bilenimizden soň: — Baba, byradar synpdaş diýmeklikmi ýa-da ýyllykdaş — diýip sorardyk. Şonda babam:

Mekgejöwen golçurlary

Meret öz ýygnan otlarynyň üstüne Jojy agalardanam ýüz elli bag dagy mekgejöwen palajyny aldy. Mallar bu oty, ylaýta-da, ýagyş-ýagmyrly günlerde zat galdyrman diýseň işdämenlik bilen iýýärler. Şo günler olar süýdi-de kän berýärler. Ýöne Jojy aganyň özümi, ogullarymy, garaz, howlugypdyrlarmy, nädipdirlermi, käýarym, baglanan palaçlarda alynmadyk mekgejöwen golçurlary duşýardy. Meret bu ullakan, sap-sary altynsow däneli golçurlary ýörite bir demir gaba ýygnap ugrady. Ol:

Ylham öwüşginleri

Türkmeniň Peder pentlerine goýulyp sarpa,Döwletler gurlupdyr arkama-arka,Sahawatlyk paýlap il-güne, halka,Dowamaty dowamatdyr türkmeniň.