4-nji noýabrda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylar maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kristofer Meril we şahyr, terjimeçi, aýdymçy hem kompozitor Hala Laýza Gafori bilen döredijilik duşuşygyny geçirildi. Ýurdumyzda neşir edilýän «Edebiýat we sungat», «Nesil» gazetleriniň, «Dünýä edebiýaty», «Garagum» žurnallarynyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Kristofer Meril öz işleýän ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Asly eýranly Hala Laýza Gafori Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlary hakynda gürrüň bermek bilen, Jelaleddin Rumynyň döredijiligine ünsi çekdi. Onuň goşgularyny iňlis diline terjime edişi hakynda aýratyn durup geçdi we Rumynyň goşgularyny pars dilinde aýdyp berdi.
Duşuşykda amerikaly ýazyjy-şahyrlar geljekde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda giňden wagyz etmek hem-de beýik söz ussadymyzyň asyrlar aşyp gelen goşgularyny iňlis dilinde neşir etmek barada alnyp baryljak işler hakynda öz türkmen kärdeşleri bilen pikir alyşdylar.