ýa-da döwürden joşgunly raýatlaryň köňül kelamlary
Gojaman heňňamyň hakydasyna, taryhyň şöhratly sahypalaryna ýüzlenseň, Hakdan halatly halkymyzyň şahandazlygyndan, suhangöýlüginden habar berýän ençeme hekaýatlara, rowaýatlara, durmuş hakykatlaryna duş gelýärsiň. Umman ýaly çuň pähim-paýhasy bilen dünýäni haýran galdyran Magtymguly Pyragysy, gara gazmasyny eline alyp, bedew atyň üstünde namalar gaýran Göroglusy, şorta sözleri hem-de suhangöýlügi bilen bütin äleme belli Ependisi bolan halk, eýsem, bihal bolarmy?! Türkmen halkynyň çeper söze, şygryýete goýýan gadyry, şahyrlara, göýendelere sylag-sarpasy aýrybaşga.