Magtymguly Pyragy — her bir türkmeniň ruhy hemrasy. Akyldar Magtymguly — damarynda türkmen gany akýan her bir ynsanyň gaýybana geňeşdary. Bir söz bilen aýtsak, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň binagäri. Dana şahyryň goşgularynda berilýän öwüt-ündewler, öňe sürülýän ýörelgeler biziň jemgyýetimizde ýazylmadyk kanun hökmünde kabul edilýär. Eýsem, özüňiz göz öňüne getiriň, biziň her birimiz çagamyzy Pyragynyň goşgularynda diýlişi ýaly terbiýelemäge, özümizi şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän ahlaga mynasyp alyp barmaga çalyşmaýarysmy näme?! Magtymguly türkmen halky üçin, ine, şeýle derejä göterilen şahsyýet. Şonuň üçin hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara giňişlikde giňden dabaralandyrylýar.
* * *