Ol 80 ýaşady hem-de öz döwrüniň ýokary at-derejeleriniňdir sylaglarynyň ählisine diýen ýaly mynasyp boldy: halk ýazyjysy, owalky Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Zähmet Gahrymany, birgiden ordenleriňdir baýraklaryň eýesi. Ýöne olaryň ählisinden-de ýokary mertebe bilen tutulan Berdi Kerbabaýew diýen adyň şuglasy has röwşen bolup görünýär.
Dokuz ýaşyna çenli «mekdep» diýen sözi eşidip hem görmedik ýaşajyk Berdini kakasy, daýhan Kerbaba aga uzakdaky obalaryň birine, garyndaşynyňka äkidip, molla okuwa berýär. «Diwarlary heňläp giden, üç sany tagtany birleşdirip edilen lagşan gapyly çygly ýerküme. Ýerkümäniň ortasynda ala-mula donly we ak selleli semiz adam otyr. Ol — molla, mugallym, edil ýaňyja agaçdan döwlüp alnan çybyklar keçäniň üstünde, onuň elýeter ýerinde ýatyr, şol ýerde-de okuw esbaplary bar» diýip, ýazyjy öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Tal çybyklaryň eglip okap oturan oglanyň ýagyrnysyna şuwlap degmesi astynda birmeňzeş sözleri ýat tutdurmak bilen berilýän «bilim» ýoly soňlugy bilen Tejeniň, Kakanyň, Gökdepäniň we Buharanyň medreselerinde geçilýän hakyky okuw bilen ornuny çalşypdy. Şol okuwlar bolsa ýaş Berdä geçmişiň beýik şahyrlarynyň söz dünýäsine tarap ýol açypdy.