Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dili senaly Gorkut ata

Alym Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda alkyşlara şeýle baha berýär: «Gorkut atanyň «Bedew atyň ýörgür bolsun!» diýen arzuw-dilegi halkymyzyň has gadymy döwürlerde ajap zamanalara ýetmegiň taryhy ymtylyşyna, öňegidişlikli ýaşaýşa, bedewli bolmagyň döwletlilik hasap edilýändigi hakyndaky ynamyna laýyk gelýär». Eseriň çowdur nusgasynda dünýä inen çaga gutlananda, Gorkut atanyň aýdýan alkyş-dilegleri has täsirli beýan edilýär: «Uzak bolsun owul ýaşy, sagat kezsin onuň başy. Mynasan tek bolsun ýarly, kollary bolsun hünärli. Ýaşysyn ol mydam barly, näzik, sulug, gözel ýarly, köp bolsun owul-gyzlary, ... batyr, edermen bolsun, küýjüni tuşman körsün,.. hormatlysyn il-dyşy, dana bolsun oň başy. Il-ulus alkyş etsin, owluň maksada ýetsin!». Gorkut atanyň bu alkyşlary ahlak mazmuny bilen halkyň jemgyýetçilik aňyna täsir edýär.

Bir ömre ýeterlik maslahat

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan: — Bir gezek jahany keşt edip ýören adamlaryň biri alymyň ýanyna baryp: «Maňa bir ömre ýeterlik maslahat ber!» diýipdir. Diňe kitaplary däl, durmuşy hem okap bilýän, oňa çuňňur düşünýän alym: «Oglum, şu dört zada amal etseň, işleriň hemişe ugruna bolar. Birinjisi, diňe ýagşy zatlary sözle ýa-da dym; ikinjisi, hiç hili ähmiýeti ýok zatlara güýmenme; üçünjisi, gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma; dördünjisi, özüňe isleýän gowy zatlaryňy beýlekilere hem rowa gör» diýipdir. Adam balasy, diline erk edip bilse, diňe ýagşy zatlary ýaýsa; gerekmejek zatlara wagtyny sarp etmese, ünsüni diňe ähmiýetli, çyndanam peýdaly amallara gönükdirse; gaharyna bäs gelip, özüne erk edip bilse; hemmelere päkize niýetli, arassa ýürekli garasa, ýagşy dileg-dogaly bolsa, ýardam etse, arkalaşsa, ol ynsan bagta, deprenmez döwlete mynasyp boljak ynsandyr» diýip, alym-akyldar maslahat beripdir.

Ruhy galkynyş: ylham joşguny

Yhlasyndan Arkadagly Serdaryň Ballar akýar topragymdan, ýerimden,Yhlasyndan Arkadagly Serdaryň.Altyn önýär döken maňlaý derimden,Yhlasyndan Arkadagly Serdaryň.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragyny sarpalaýar Arkadag Beýikligin göterip arş deňine,Pyragyny sarpalaýar Arkadag.Owaz goşup döwrüň ajap heňine,Pyragyny sarpalaýar Arkadag.

Şahyr maşgala mukaddesligi barada

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa baý şygryýetiniň agramly bölegi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň buýsanjy, ýüzüniň tuwagy, namys-ary hem-de belent mertebesi bolup gelen türkmen gelin-gyzlaryna bagyşlanýar. Şahyryň bu temada ýazan şygyrlaryny üç topara bölmek mümkin. Birinji topara degişli yşk-söýgi hakyndaky kämil şygyrlar şahyryň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Ikinjiden, gelin-gyzlaryň edep-ekramyna, ýagşy hulklaryna bagyşlanan goşgularda halkymyzyň edep-ekram kadalary, nesil terbiýesi örboýuna galýar. Üçünjiden, gelin-gyzlar, olaryň durmuşdaky orny hakyndaky goşgularynda Magtymguly Pyragy zenanlaryň uly hormata, päk söýgä mynasypdygyny aýratyn belläp geçýär. Şahyryň köp sanly şygyrlarynda gelin-gyzlaryň gözelligi nepis duýgular, çuňňur pelsepeli pikirler bilen wasp edilýär. Şahyr olaryň içki dünýäsiniň hem-de daşky keşbiniň gözelligini, edep-ekramyny we olara mahsus bolan hereketlerini çeper keşpleriň, täsirli sözleriň, pikirleriň üsti bilen ussatlarça taryp edýär.

Edep-terbiýe ýörelgesi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny diňe biziň ýurdumyzda däl, tutuş dünýä ýüzünde halkara derejede dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň döredijiliginde ähli ugurlara degişli pikirler beýan edilen. Magtymguly atamyzyň eserleriniň aglaba bölegi edep-terbiýe kadalaryny, halky agzybirlige, jebislige, dost-doganlyga ündeýän ýörelgeleri öz içine alýar. Her bir sözi köşekli düýä deňelen Magtymguly atamyzyň ýekeje şygryny hem uly bir edep-terbiýe mekdebi hökmünde ulanmak bolýar. Mysal üçin, «Otur-turuşyn görüň» atly goşgusyny alyp göreliň:

«Alyslara garap otyr Pyragy...»

Hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip jaýdar belleýär. Muny dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginden ylham alyp, türkmen edebiýatynyň sahypalarynda oňa bagyşlap şygyr döreden şahyrlaryň eserleri-de doly beýan edýär. Geçen asyryň edebiýatynda Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Anna Kowusow, Towşan Esenowa, Çary Gurbangylyjow, Ruhy Alyýew, Gowşut Şamyýew, Ýylgaý Durdyýew, Nazar Gullaýew we ýene-de birnäçe ýazyjy-şahyrlar Magtymguly Pyragy hakda dürli şygyrlary döretdiler. Şeýle şahyrlaryň hatarynda beýik Pyraga bagyşlap ençeme eserleri döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Mämmet Seýidow aýratyn orna eýedir. Şirin sözli şahyr Mämmet Seýidow nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Mämmetweli Keminäniň sözlerine eýerip, Magtymgula bagyşlap «Beýik şahyr» poemasyny döredýär. Bu poema şahyryň «Bahar gündeligi» ady bilen çap edilen goşgular ýygyndysyna girýär. Poemada Magtymgulynyň poeziýasynyň ruhlandyryjy güýje eýedigi, isle işçi bolsun, isle-de daýhan, çopan bolsun ýa-da bir goja, ondan göwün islegini tapýandygy beýan edilýär. Poemadan birnäçe setiri mysal getireliň:

Algyn pendim, jigerbendim!

«Ýagşy gelip, hoş gitmek» Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Jahanda ýaman işdir,//Gury gelip, boş gitmek» diýen goşgy setirlerini okan mahalyň ýaşaýşyň maksady, umuman, ynsan ömrüniň manysy hakyndaky oý-hyýallar seriňde pelegiň çarhy ýaly aýlanyp ugraýar. Şonda geçen günlere biygtyýar nazar aýlaýarsyň. Öz bitiren işleriň, arzuw edip, emma amala aşyrmakda ýöwsellän islegleriň hakynda oýlanýarsyň.

Paýhas çeşmesinden

■ Gülüň miwesi bolmaz. ■ Gylyç öz gynyny kesmez.

Magtymguly Pyragynyň Watançylyk şygyrlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwürleriň beýik filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine giňden düşündirmekde uly işler alnyp barylýar. Şahyryň döredijiligine çuňňur aralaşmakdaky gözlegler öz netijesini hem berýär. Çünki ol dürdäne şygyrlar bu gün pelsepeler ummany bolup, adamzadyň kalbynda baky orun alýar. Öwrenilen ylmy-barlaglara, seljerilen çeşmelere nazar salanymyzda, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen nusgawy edebiýatynyň özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda dürli döwürleri başdan geçirendigine we XVIII-XIX asyrlarda millilik, çeperçilik taýdan we öz zamanasynyň derwaýys meselelerini suratlandyrmakda, halkyň içki we daşky ahwalyny açyp görkezmekde durmuşa has ýakyn bolan edebiýata öwrülendigine göz ýetirýärsiň. Şunda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen edebiýatyny özboluşly ösdürmekde, halka düşnükli bolan sada dilde beýan etmekde aýratyn uly orna eýeländigi öz-özünden ýüze çykýar.

Längston Hýuzly ýatlama

«Arzuw ediň! Arzuwlaryňyz üçin hereketem ediň! Yhlasy sizden, wysaly ykbaldan bolsun!» Bu bize atamyň wesýeti. Ol hemişe amala aşyrylýan beýik işleriň başlangyjy bolan arzuwlaryň hasyl bolmak üçin döreýändigi dogrusynda gürrüň bererdi. Şeýle gürrüňlerden gulagym ganansoň, arzuw hakyndaky eserleriň hyrydarydym. Bir günem amerikaly meşhur şahyr, kyssaçy hem dramaturg Längston Hýuzyň «Arzuwlar» («Dreams») we «Wysalsyz arzuw» («Dream deferred») atly şygyrlaryna gabat geldim. Hýuz, hakyt, atamyň aýdanlaryny diňläp, sözme-söz şygra geçiren ýalydy. Tüýs hazynaly hum tapan ýaly begendim. Goşgulary arzyly arzuwlary wysalsyz goýmazlygy ündeýän atama okap beresim, onuň aýdanlaryna aňryýany bilen düşünýändigimi subut edesim geldi. Şeýdibem, goşgyny başardygymdan türkmençä terjime etdim. Onda şeýle diýilýärdi: Wysalsyz arzuw

Beýik Magtymguly ädimläp gelýär

Egni zerbap donly,kalby dogaly,Eli tylla perli —Arşyň owazy.Bakyň Köpetdaga,öwrülip daňaAkyldar gelýär... Zer çaýyldy howalanan heýkele,Bu illeriň alkyş-hoşy siňipdir.Beýik şahyr, şygra meňzeş hyýalyňAsyrlary ýeňipdir...

Göwünlere gurbat — güýzüm!

(Şahyrana oýlanma) Güýz, sary dona beslenen güýz, geläge-de işikden, gör, ne ajap arzuwlary wysal bilen işipsiň sen! Ýa-da ähli asylly arzuwlara badalga bolup, ätlediňmi, güýzüm! Sargylt dünýäň kalbymyzy zer jähek bilen nagyşlap başlady, ynha! Baý, şygra muwapyk göwünler şeýle bir joşýar welin, heý, goýaý. Hawa, zerewşan lybasly owadan paslym, hoşluk bilen, sapa bilen geldiň sen!

Güýz bilen ýürekdeşlik

Güýz — gözellige, öwüşgine, täsin duýgulara baý pasyl. Ähli gök we bakja önümleriniň bol hasylynyň ýygnalýan wagty. Güýz pasly maňa-da durmuşymyň iň gözel pursatlaryny ýatladýar. Mekdebe ilkinji gadam basyşym, oba gyzlary bolup pagta ýygşymyz, öýümiziň gapdalyndaky ekinçilikde ýetişdiren gawun-garpyzlarymyzy jigilerim bilen harman jaýa daşap ýörşümiz, soňra kakamyň hemmämizi daşyna üýşürip, bal ýaly gawundan kesip berişi, ejem janyň bolsa olardan süýji toşap gaýnatmagy... bularyň hemmesi güýz paslynyň gyzykly hysyrdylary bolup aňymda janlanýar. Wagt diýilýän, bedew at kimin ýyldyrym çaltlygynda geçdi ötägidiberdi. Ýokardaky ýatlamalarymyň yzyny talyplyk ýyllarym bilen dowam etmäge başladym. Talyp ýyllarymyň ilkinji günleri hem güýzde başlanypdy. Men duýgularyň näzikligini, inçeligini, üýtgeşikligini güýz bilen baglanyşdyrýaryn. Kä günler işden soň, şäherimiziň seýilgähine aýlanýaryn. Seýilgäh şeýle bir owadan! Töwerek-daş dürli öwüşgine beslenen. Saralyp, gurap başlan ýapraklar şemalyň sesine şygyr-şygyr edýärler.

Tymsallar

Mirasdaryň saýlanyşy Irki zamanlarda bir barjamly kişiniň akyl-huş, edep-ekram, mertlik-batyrlyk babatda biri-birinden pes oturmaýan üçem ogly bolupdyr. Ol ogullarynyň haýsysyny özüniň mirasdary etmek meselesini çözmekde kynçylyk çekipdir. Ahyry bu babatda ýardam bermegini haýyş edip, bir meşhur dana kişä ýüzlenipdir. Barly kişi onuň beren maslahatyna eýerip, ogullarynyň hersine gülüň tohumy salnan haltajygy beripdir-de:

Şygryýet

GÜL AÇÝAN ŞÄHER Ak ertire hem saba-sähere gözüm düşdi,

Däldir

Hasyl bolmasa-da gezgin arzuwda, Arzuwdan aldanmak kemçilik däldir.

Dana pikirler

Öňüň gara, yzyň gözle, Hoş sözüň diý, gahryň gizle,

Halkyň hazynasyndan

ANNA BABAJANYŇ GÜRRÜŇLERI Sungat diýlen düýpsüz ummany boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu mähriban adam bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen maňa 1997-1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky bagşylar öýünde bile işleşmek nesip etdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimliň, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

MEN SIZE TABYNDYRYN Geçen asyrda ýazyjy Berdi Kerbabaýew, Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy döwründe, polkownik — ýazyjy Aşyr Nazarow onuň orunbasary bolupdyr. Bir gün edarada kiçiräk ýygnakda Berdi aga şeýle diýipdir: