Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwürleriň beýik filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine giňden düşündirmekde uly işler alnyp barylýar. Şahyryň döredijiligine çuňňur aralaşmakdaky gözlegler öz netijesini hem berýär. Çünki ol dürdäne şygyrlar bu gün pelsepeler ummany bolup, adamzadyň kalbynda baky orun alýar.
Öwrenilen ylmy-barlaglara, seljerilen çeşmelere nazar salanymyzda, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen nusgawy edebiýatynyň özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda dürli döwürleri başdan geçirendigine we XVIII-XIX asyrlarda millilik, çeperçilik taýdan we öz zamanasynyň derwaýys meselelerini suratlandyrmakda, halkyň içki we daşky ahwalyny açyp görkezmekde durmuşa has ýakyn bolan edebiýata öwrülendigine göz ýetirýärsiň. Şunda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen edebiýatyny özboluşly ösdürmekde, halka düşnükli bolan sada dilde beýan etmekde aýratyn uly orna eýeländigi öz-özünden ýüze çykýar.