«Ýagşy gelip, hoş gitmek»
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Jahanda ýaman işdir,//Gury gelip, boş gitmek» diýen goşgy setirlerini okan mahalyň ýaşaýşyň maksady, umuman, ynsan ömrüniň manysy hakyndaky oý-hyýallar seriňde pelegiň çarhy ýaly aýlanyp ugraýar. Şonda geçen günlere biygtyýar nazar aýlaýarsyň. Öz bitiren işleriň, arzuw edip, emma amala aşyrmakda ýöwsellän islegleriň hakynda oýlanýarsyň.