(Şahyrana oýlanma)
Güýz, sary dona beslenen güýz, geläge-de işikden, gör, ne ajap arzuwlary wysal bilen işipsiň sen! Ýa-da ähli asylly arzuwlara badalga bolup, ätlediňmi, güýzüm! Sargylt dünýäň kalbymyzy zer jähek bilen nagyşlap başlady, ynha! Baý, şygra muwapyk göwünler şeýle bir joşýar welin, heý, goýaý. Hawa, zerewşan lybasly owadan paslym, hoşluk bilen, sapa bilen geldiň sen!