«Alyslara garap otyr Pyragy...»

13 Noýabr 2024
237

Hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip jaýdar belleýär. Muny dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginden ylham alyp, türkmen edebiýatynyň sahypalarynda oňa bagyşlap şygyr döreden şahyrlaryň eserleri-de doly beýan edýär. Geçen asyryň edebiýatynda Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Anna Kowusow, Towşan Esenowa, Çary Gurbangylyjow, Ruhy Alyýew, Gowşut Şamyýew, Ýylgaý Durdyýew, Nazar Gullaýew we ýene-de birnäçe ýazyjy-şahyrlar Magtymguly Pyragy hakda dürli şygyrlary döretdiler. Şeýle şahyrlaryň hatarynda beýik Pyraga bagyşlap ençeme eserleri döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Mämmet Seýidow aýratyn orna eýedir.

Şirin sözli şahyr Mämmet Seýidow nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Mämmetweli Keminäniň sözlerine eýerip, Magtymgula bagyşlap «Beýik şahyr» poemasyny döredýär. Bu poema şahyryň «Bahar gündeligi» ady bilen çap edilen goşgular ýygyndysyna girýär. Poemada Magtymgulynyň poeziýasynyň ruhlandyryjy güýje eýedigi, isle işçi bolsun, isle-de daýhan, çopan bolsun ýa-da bir goja, ondan göwün islegini tapýandygy beýan edilýär. Poemadan birnäçe setiri mysal getireliň:

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar