«Balşeker» tagamy özüne çeker
Türkmen telekeçileri ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürip, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, şeýle-de täze iş orunlaryny döretmäge uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Balşeker» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetidir. Ýurdumyzyň telekeçileri konditer önümlerini öndürmekde tejribe toplap, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiliginde uly üstünlik gazanýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetinde-de «Balşeker» haryt nyşany bilen süýjülikleriň we konditer önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halka hödürlenilýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy üç bölümden ybarat bolup, olarda işler döwrebap tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly alnyp barylýar. Konditer bölüminde köke önümleriniň, şeýle-de zefiriň, marmeladyň we beýleki süýjülikleriň birnäçe görnüşi