Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar, innowasion tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilip, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine kuwwatly itergi berýär.
Döwletimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususyýetçileriň ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän önümlerdir harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler giň gerime eýe bolýar. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde bitirýän işlerem guwandyrýar. Şeýle üstünlikleri gazanýan telekeçileriň Mary welaýatynda hem ýylsaýyn köpelýändigi bellärliklidir. Hususyýetçiligiň depginli ösüşiniň ýene bir bähbitli tarapy hem onuň iş orunlarynyň barha artmagyna goşant goşýandygydyr. Munuň özi halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.