Biz: «Dünýä taryhynda iň uly söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bu gün awtoýollar, gara, deňiz ýollary, howa ýollary bilen gaýtadan dikeldilýär» diýýäris. Beýik Ýüpek ýolunyň şu döwrebap zynjyryna internet ýollary hem goşuldy. Indi ulagda, otluda, uçarda, gämide getirilýän harytlar, ýükler internetiň üsti bilen sargyt edilýär. Ýurduň beýleki çetinde ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyzy internet ýollarynyň üsti bilen görüp, didarlaşyp bilýäris. Şonuň üçinem: «Internet — Ýeriň ýüzüne ädim basyp däl-de, düwmäni basyp, aýlanyp bolýan ýoldur» diýsek ýalňyşmarys. Elbetde, ýurtlara, seýilgählere, bazarlara, ýadygärliklere, umuman, ähli ýere edil ýanynda ýaly aýlanyp, adamlar bilen ýanynda duran ýaly gürleşip bolmasa-da, häzirki durmuşda internet ýollarynyň hem özboluşly ähmiýeti bar. Bu ähmiýeti interneti köp ulanýan ýaşlar has-da gowy bilýän bolsalar gerek. Ýöne biziň etjek bolýan gürrüňimiz internetiň ähmiýeti däl-de, internetiň döreden düşünjeleriniň arasynda orun alan «online bazar» we «internet telekeçisi» barada, ýagny «Trendyol» we onuň eýesi hakynda. Tanyşdyrmakçy bolýan internet telekeçimiziň üsti bilen internetiň bu gün näderejede ähmiýetlidigine göz ýetirip bilersiňiz.
1981-nji ýylyň 22-nji awgustynda ABŞ-da dünýä inen Demet Mutlu bu günki günde dünýä ýurtlarynyň köpüsinde meşhurlyk gazanan «Trendyol» internet söwda platformasyny esaslandyryjydyr. Nýu-Ýork uniwersitetiniň ykdysadyýet bölümini üstünlikli tamamlan Demet Mutlu Şweýsariýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Türkiýede bazar ykdysadyýeti we işewürlik edaralarynda zähmet çekýär. Soňra Harward uniwersitetine söwda dolandyryş ugry boýunça magistratura okuwa kabul edilýär. Okuwynyň ikinji ýylynda Türkiýä dynç alşa gelen Demet Mutlu ýurtda internet söwdasynyň ýetmezçiligini duýýar we öz höwes edýän hünärini ýola goýmak maksady bilen, Harwardy terk edýär. Stambul şäheriniň Beşiktaş welaýatynyň Bebek etrabyndaky öýünde 300 müň amerikan dollarlyk maýasy bilen «Trendyol» internet söwda platformasynyň üstünde işleýär we 2010-njy ýylda ony ulanyşa goýberýär. «Mynet» programmasyny esaslandyryjy Emre Kurttepeli we belli türk internet telekeçisi Sidar Şahin bu internet söwda platformasyna ilkinji bolup maýa goýumyny goýup, Demet Mutlunyň şärikdeşleri bolýarlar. «Trendyol» internet söwda ýoly ilkinji 16 aýynyň içinde 150 million amerikan dollarlyk girdeji gazanýar. Gitdigiçe işewürlik düzümi giňäp, saýtda dürli markaly harytlaryň sany köpelip, dünýäniň ençeme ýurtlaryna tarap eksport ýollary uzalýar. Şeýdip, dünýäniň ençeme ýurdunda ulanylyp başlanan «Trendyol» türk markaly harytlara bolan islegiň artmagyna, türk täjirleriniň, telekeçileriniň önümçiliginiň we ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine uly ýardam edýär.