Tomus pasly biziň Watanymyza aýratyn röwüş bilen gelýär. Bu möwsüme mahsus Gün şöhlesiniň, jöwzaly günleriň hem adama eçilýän özboluşly lezzeti bar.
Güneşli Türkmenistanyň jöwzaly tomus günleriniň bezegi bolan alkogolsyz içgileri, miwe şerbetleridir sowuk çaýlary, witamin içgilerini öndürýän «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem bu günler — tomus paslynyň yssy günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň islegini kanagatlandyrmak üçin önümçilik kuwwatyny has-da artdyrýar. Bu hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri alkogolsyz, gazlandyrylan içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Hojalyk jemgyýetiniň «Hoşal», «Näzli» haryt nyşanly miwe şerbetleri, «Buzz» sowuk çaýy, «7gen» gazlandyrylan içgisi, «BULVAR» haryt nyşanly mineral gazly suwlary, «Bold» haryt nyşanly witamin içgisi diňe bir içerki sarp edijileriň arasynda däl-de, eýsem goňşy ýurtlardaky sarp edijileriň arasynda-da giňden tanalýar.