Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Asudalygyň we hoşniýetliligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigine doly güwä geçýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Rezolýusiýalary bilen dünýäde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan şeýle ýokary ykrara eýe bolan ýurdumyz häzirki wagtda ählumumy ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu bolsa sebitde durnuklylygy saklamakda we tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Parahatçylygy dabaralandyrýan taglymat

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz — biziň baş gymmatlyklarymyzyň biridir. Bitaraplyk — parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — biziň şu günümiz we geljegimiz. Onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar. Hususan-da, Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa, Bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär.

Ylham joşguny

BITARAPLYGYM Yhlaslaryň myrat tapan ýurdunaYlham bolup geldiň, Bitaraplygym!Jebisligi birleşdirip daşyňa,Galkan bolup geldiň, Bitaraplygym!

Bitaraplyk toýy

Şan berip Watana, yklyma ýaýlyp,Bu gün Bitaraplyk toýun toýlaýas.Ýaňlanyp her kalpda iň süýji sazlar,Bu gün Bitaraplyk toýun toýlaýas. Oguz han deý asylzada aslymyzBeýgeltjek Diýaryň kämil nesli biz.Ýokdur aňyrsyna ýetmek waspynyň,Bu gün Bitaraplyk toýun toýlaýas.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Halkara foruma daşary ýurt wekiliýetleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň agzalary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu halkara forumda Türkmenistanyň halklary agzybirlige, jebislige, ysnyşykly gatnaşyklara, uly ösüşlere çagyrýan döwletdigi çykyş edenler tarapyndan aýratyn bellenildi. 

«Ak buludyň» täze kärhanasy

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň her ýylda 50 müň tonna gury garyndy gurluşyk materiallaryny öndürýän zawody işe girizildi. Tebigy baýlyklaryň uly gory jemlenen sebitde gurlan, bäş gektar meýdany eýeleýän bu kuwwatly kärhana hojalyk jemgyýetiniň öz gurluşykçylary tarapyndan desgalandyryldy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda gury garyndy gurluşyk materiallarynyň 50 müň tonnasy bilen birlikde 4 million inedördül metr gipsokarton hem öndürilýär. Kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Zawodda önümçilik sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Täze kärhanada häzirki wagtda işçi hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilik üçin zerur bolan esasy çig mal Köýtendag kän müdirliginden alynýar. Kärhana öz önümlerini diňe bir içerki bazara ugratman, daşary ýurtlara eksport etmegi-de meýilleşdirýär.

Mugallymlar hem, okuwçylar hem ýaryşdylar

Mekdebimizde mugallymlaryň we okuwçylaryň okuwdan boş wagtlarynda sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mugallymlaryň we okuwçylaryň arasynda şeýle ýaryşlaryň ýene-de birini geçirdik. Has takygy, okuwçylarymyz woleýbol we futbol, mugallymlar bolsa stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşdylar.

Şanly senä bagyşlandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mekdebimizde «Bitaraplyk ― baky bagtyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mugallymlarymyz we talyplarymyz işjeň gatnaşdylar. Çärjew etrap bilim bölümi tarapyndan geçirilen maslahata ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ýaş nesilleriň ykbalyna çaýan nury barada aýratyn aýdyldy.

Baýramçylyk dabarasy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň şäher medeniýet merkezi, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Ýaşlar merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Jahana keşt edýär türkmeniň ady, Bitaraplyk — ösüşleriň binýady» atly şygar astynda geçirilen dabara hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli guraldy. Oňa Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çaga kalbynyň owazlary

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde bagtyýar çagalaryň şadyýan owazlary Çärjew etrabyndaky 3-nji «Gunça» çagalar bagynda has-da belentden ýaňlandy. Mähriban Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, asuda asmanymyzy wasp edýän hoş owazlar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň ýüreklerine ornady. Körpeleriň ýaş kalbyndan joşup çykýan buýsançly sözleriň täsiri etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan, çagalar baglaryndan çagyrylan myhmanlaryň, şeýle hem körpeleriň ata-eneleriniň göwünlerini joşdurdy. Dabara gelenler çagalaryň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýäde parahat ýaşamagyň, şonuň esasynda gülläp ösüşleri gazanmagyň taglymatydygyny sada dilde wasp edýän çykyşlaryny uly täsirlere berlip diňlediler. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrýan işleri üçin çagalaryň aýdýan alkyş sözleri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň tutuş adamzadyň bagtly geljeginiň binýadyny berkidýändigine buýsançly güwä bolup ýaňlandy.

Bitaraplyk — dost-doganlyk, parahatlyk, asudalyk

Şanly sene – 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan bir bakylygyň düýbi tutuldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Jarnama kabul edildi. Bu Jarnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä ýüzünde parahat söýüji döwlet hökmünde ykrar edildi. Bitaraplyk — Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesi. Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmek we olary has giň tejribä daýanyp, çözmeklige çalyşmak. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Şol sanda umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy bilen bir hatarda beýleki halkara guramalar bilen hem hyzmatdaşlyk saklap, dünýä ýüzüniň parahatçylygy ugrunda uly işler alyp barýar.

Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasy

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli medeni çäreler, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Golaýda welaýat kitaphanasynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň kepili» ady bilen bolan maslahat hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanyldy. Maslahaty welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasy, welaýatyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Oňa welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy.

Bitaraplyk — erkinligiň nyşany

Ýakynda Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Çarlak» myhmanhanasynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  «Bitaraplyk bagtymyz, dost-doganly halkymyz» ady bilen geçen bu dabara şäherdäki eda­ra-kär­ha­na­lar­da ­zäh­met ­çek­ýän ­hü­när­men­ler,­ jem­gy­ýet­çi­lik ­gu­ra­ma­la­ry­nyň­ iş­jeň­ ag­za­la­ry we ­il sy­lag­ly­ ýa­şu­lu­lar gat­naş­dy. Dabarada çykyş edenler ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy alanymyzdan soň, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler halkara derejesinde gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Bitaraplyk — bagtymyz

Golaýda Wekilbazar etrabynyň 38-nji orta mekdebinde TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bagtyýar geljegi nazarlap barýar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik etrabyň bilim bölümine degişli orta mekdeplerde okap bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýurdumyzy, Watanymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän dürli görnüşdäki suratlary çekmek we şekillendiriş eserleri döretmek boýunça geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli bolup, oňa gatnaşanlara hormatly emin agzalary mynasyp baha berdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen  kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde duşuşyk geçirildi.  «Hemişelik  Bitaraplyk — baky  abadançylyk» diýen at bilen geçirilen duşuşyga kitaphana işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda her bir günüň parahatçylyga, asudalyga, toýdur baýramlara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem dabara ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.

Bitaraplyk buýsanjymyz

Hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy, asudalygy berkitmek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň milli däpleriniň naýbaşysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň  mekany” atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň, etnografiýa maglumatlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýär. Iki müň ýyldan hem gowrak mundan öň dörän Parfiýa döwleti Hytaý, Rim we beýleki döwletler bilen hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary saklapdyr. Şol ýurtlardan beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Parfiýa yzygiderli ilçiler gelipdir. Parfiýa döwleti üçin diplomatik gatnaşyklary üpjün edýän bu ýoluň howpsuzlygy wajyp meseleleriň biri bolupdyr. Parfiýalylar bu babatda uly aladalary edipdirler. Şol sebäpli parfiýalylar parahatçylykly gatnaşyklary saklamak üçin ylalaşyklara we baglaşylan şertnamalara uly hormat goýupdyrlar.

Bitaraplygyň mekanydyr Watanym

Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitaraplygyň mekanydyr Watanym!“ ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baýramlarynyň baýramlara, toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri hakda buýsanç bilen durup geçdiler. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda ýaşlaryň arasynda baý many-mazmunly maslahatlaryň, duşuşyklaryň, bäsleşikleriň, aýdym-sazly medeni dabaralaryň geçirilýändigi, olara ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagy guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtadylar.

Hemişelik Bitaraplygymyz – baky bagtyýarlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 28 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk: halkara hyzmatdaşlygyň türkmen çemeleşmesi

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeleriň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti kemala geldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkme

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesinde parahatçylyk taglymaty aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baky Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen Türkmenistanyň kanunlaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu wezipeden ugur alnyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de Türkmenistanyň täze kanunlary kabul edilýär.