Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde bagtyýar çagalaryň şadyýan owazlary Çärjew etrabyndaky 3-nji «Gunça» çagalar bagynda has-da belentden ýaňlandy.
Mähriban Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, asuda asmanymyzy wasp edýän hoş owazlar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň ýüreklerine ornady. Körpeleriň ýaş kalbyndan joşup çykýan buýsançly sözleriň täsiri etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan, çagalar baglaryndan çagyrylan myhmanlaryň, şeýle hem körpeleriň ata-eneleriniň göwünlerini joşdurdy. Dabara gelenler çagalaryň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýäde parahat ýaşamagyň, şonuň esasynda gülläp ösüşleri gazanmagyň taglymatydygyny sada dilde wasp edýän çykyşlaryny uly täsirlere berlip diňlediler. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrýan işleri üçin çagalaryň aýdýan alkyş sözleri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň tutuş adamzadyň bagtly geljeginiň binýadyny berkidýändigine buýsançly güwä bolup ýaňlandy.