Hemişelik Bitaraplyk: halkara hyzmatdaşlygyň türkmen çemeleşmesi

11 Dekabr 2023
1219

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär.

Bu gün ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeleriň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti kemala geldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.

Kasymguly BABAÝEW,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Mejlisiň deputaty.
Beýleki habarlar