Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitaraplygyň mekanydyr Watanym!“ ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baýramlarynyň baýramlara, toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri hakda buýsanç bilen durup geçdiler. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda ýaşlaryň arasynda baý many-mazmunly maslahatlaryň, duşuşyklaryň, bäsleşikleriň, aýdym-sazly medeni dabaralaryň geçirilýändigi, olara ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagy guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtadylar.