«Ak buludyň» täze kärhanasy

11 Dekabr 2023
1178

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň her ýylda 50 müň tonna gury garyndy gurluşyk materiallaryny öndürýän zawody işe girizildi.

Tebigy baýlyklaryň uly gory jemlenen sebitde gurlan, bäş gektar meýdany eýeleýän bu kuwwatly kärhana hojalyk jemgyýetiniň öz gurluşykçylary tarapyndan desgalandyryldy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda gury garyndy gurluşyk materiallarynyň 50 müň tonnasy bilen birlikde 4 million inedördül metr gipsokarton hem öndürilýär. Kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Zawodda önümçilik sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Täze kärhanada häzirki wagtda işçi hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilik üçin zerur bolan esasy çig mal Köýtendag kän müdirliginden alynýar. Kärhana öz önümlerini diňe bir içerki bazara ugratman, daşary ýurtlara eksport etmegi-de meýilleşdirýär.

Atanyýaz HANGELDIÝEW
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar