Gözel türkmen tebigaty
Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan medeni çärelere badalga beriş dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi hemmeleri buýsandyran şatlykly waka boldy. Sebäbi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitapda türkmenleriň hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak medeni, edebi, taryhy gymmatlyklaryň ençemesini dünýä beren milletdigi anyk taryhy, arheologiki maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Änewiň ekerançylygyň ilkinji ýüze çykan künjekleriniň biridigi, ak bugdaýyň watanydygy, keramika, mozaika sungatynyň ösen, mis we demir gurallaryň ýasalyp ugran ýeridigi hakyndaky, şeýle hem häzirki döwürdäki gülläp ösüşleri baradaky anyk maglumatlar bolsa hemişelik Bitarap döwletimize bolan kalp guwanjymyzy Jeýhun deýin joşdurýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözbaşydan, girişden, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleri