Geçiguşlar

5 Iýun 2024
938

Güneşli ýurdumyzyň ähli ýerinde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşlara duş gelmek bolýar. Geçiguşlar, köplenç, çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde ýaşaýarlar.

Geçiguşlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň biziň sähralarymyzda ýaşaýanlarynyň köpüsiniň ganatlarynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa gögümtil mele öwüsýär. Olaryň agramy, köplenç, 25 gramdan, göwresiniň uzynlygy bolsa 15 santimetrden geçmeýär. Geçiguşlar örän duýgur bolýarlar. Ýaz ekişiniň öň ýanynda ekin ekiljek ýerleriň sürülmegi, ýagny, topragyň üstki gatynyň agdarylmagy olar üçin iýmit bolçulygyny döredýär. Olar, esasan, ösümliklere zyýan berýän mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Göwreleriniň kiçidigine garamazdan, geçiguşlar iýmiti örän köp möçberde kabul edýärler. Şol sebäpli oba hojalyk işgärleri, bagbanlar olary özleriniň ýardamçylary hasaplapdyrlar.

Aknur BAHTYÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar