Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

5 Iýun 2024
862

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp barmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyzda möhüm kanunçylyk binýady hem döredildi. Olaryň arasynda «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» aýratyn orunda durýar.

Bu möhüm maksatnama howanyň üýtgemegi bilen baglylykda işlenilip düzülen milli strategiýanyň düzüm bölegi bolup, onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň uly toplumy bellenilendir. Şeýle-de maksatnamada beýleki çäreler bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny giňeltmek, çölleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, gülleri we bezeg agaçlaryny ösdürmek, tokaý goragyny we gözegçiligini netijeli, maksada laýyk ýerine ýetirmek ýaly möhüm işler göz öňünde tutulandyr. Şeýle çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge biziň goraghanamyzyň başarjaň we agzybir hünärmenleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Karýagdy SETDAROW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň direktory.
Beýleki habarlar