«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024
Türkmen halky irki döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, tebigata ýakyn duran, ony ýaşaýşyň çeşmesi hasaplan halkdyr. Tebigatda tebigylyk bar. Onda hiç zat ýasama däl. Tebigatyň bu aýratynlygy halkymyzyň süňňüne, medeniýetine, ruhy dünýäsine siňip gidipdir. Toprak ýaly sahawatly halkymyz gadymyýetden bäri tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň ýörelgelerini kemala getiripdirler. Asyrlaryň dowamynda kämilleşen bu ynsanperwer däpler häzirki wagtda täzeçe mazmun bilen baýlaşyp, täzeçe röwüşe eýe bolýar.