Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem şanly ýyla gabat geldi. Mähriban Diýarymyzyň tebigatyny we haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Watanymyzyň ähli künjeginde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi.
Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şol maksat esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde, paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary boldy.