Döwrebap çemeleşmeler, halkara ykrarnamalar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Morfologiýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ministrligiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy bu merkeziň düzüminde wajyp hem aýratyn ähmiýetli edara bolup, onuň esasy wezipeleri hukuk goraýjy we beýleki ýöriteleşdirilen edaralardyr guramalaryň işinde ýöriteleşdirilen bilime daýanyp, ylmy taýdan esaslandyryp, ýüze çykýan degişli meseleleriň takyk we dogry çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy, köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine laýyklykda, kazyýet-lukmançylyk bilermenlik işini ýokary derejede guramak we amala aşyrmak wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem bu düzüm Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kazyýet-lukmançylyk ylmy-bilermenlik ugry boýunça alypbaryjy edarasy bolmak bilen, degişli seljermeleri geçirmegiň hukuk binýadyny, ylmy-usulyýet üpjünçiligini, kazyýet-lukmançylyk bilermenlerini taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar. Geçirilýän seljermäniň aýratynlygyna we çylşyrymlylygyna laýyklykda, bu edaranyň barlaghanalary häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilendir. Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ähli ba